Dark
Light
25.01.2026
haj zyyarat THE ASHGABAT TIMES

Türkmen zyýaratçylary Watanymyza dolanyp geldiler

26.06.2025

Ýakynda Mekge we Medine şäherlerine haj parzyny berjaý etmek üçin giden ildeşlerimiz Watanymyza dolanyp geldiler.  Ildeşlerimiz keramatly ýerlerde asylly däbe öwrülen ýagşy dessurlary agzybirlikde ýerine ýetirdiler.

Ildeşlerimiz Medine şäherinde pygamberimiz Muhammet aleýhyssalamyň we onuň sahabalarynyň aramgählerine, belli metjitlere, keramatly ýerlere zyýarat edendiklerini, Mekge şäherinde Zem-zem çeşmesi, Al-Haram metjidi ýaly mukaddes ýerlerde bolup, keramatly Käbäniň daşyndan ýedi gezek aýlanandyklaryny belleýärler. Haj parzyny berjaý eden ildeşlerimiz Gahryman hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly hajy Serdarymyzyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýyl ýurdumyzdan Mekgä we Medinä zyýarata giden ildeşlerimiziň umumy sany 3 müňe golaýlaýar. Olar sekiz topara bölünip, kesgitlenen tertipnama boýunça Saud Arabystany Patyşalygynda zyýaratda boldular. 

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

sergey lawrow THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sergeý Lawrow türkmen talyplary bilen duşuşdy

yaslar a THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Watanymyzyň bagtyýar nesilleri

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop