Ozal habar berlişi ýaly, Aşgabatda küşt boýunça halkara ýaryş üstünlikli tamamlandy. Ýaryşa gatnaşan küştçüleriň görkezen oýunlary netijesinde olaryň toplan utuklary boýunça orunlar kesgitlenilende, Watanymyz Türkmenistana wekilçilik eden ýaş zehinli oglan-gyzlarymyz aýratyn tapawutlanmagy başardylar.
Sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşynda küştüň rapid görnüşi boýunça umumy medal hasabatyndan belli bolşy ýaly, Türkmenistana wekilçilik eden ýaş küştçülerimiz – 3 altyn, 4 kümüş we 3 bürünç, jemi 10 medallary gazanyp, birinji orna mynasyp boldular.

Şeýlelikde, 2025-nji ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Aşgabat şäherindäki Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşynda küştüň RAPID we BLITZ görnüşi boýunça umumy medal hasabatynda Türkmenistan 7 altyn, 6 kümüş we 6 bürünç – jemi 19 sany medal gazanyp, birinji orun eýelemek bilen ýaryşyň ýeňijisi boldy.

Ikinji orna 4 altyn we 3 kümüş – jemi 7 medal gazanan Özbegistan Respublikasyndan gelen ýaş küştçüler mynasyp boldular. Üçünji orny 1 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç – jemi 7 medallary gazanmagy başaran Gazagystan Respublikasynyň ýaş küştçi oglan-gyzlary eýelediler.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistana meýdança eýesi hökmünde 81 küştçi (41 oglan we 40 gyz) wekilçilik etdi. Halkara ýaryşyň Türkmenistanyň Küşt federasiýasy we ýurduň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleri şäheri» derejesine bagyşlanan çäreleriň çäklerinde guralandygyny hem ýatladýarys.
«THE ASHGABAT TIMES».