5 THE ASHGABAT TIMES

Üzeyir Hajybeýliniň zehini we Türkmenistanda halanýan “Arşin Mal Alan”

10.06.2025

Zehinli kompozitor Üzeýir Hajibeýlä Türkmenistanda görkezilen çuňňur söýgi we hormat netijesinde onuň “Arşin Mal Alan” operasy bu ýurduň medeni durmuşynda özboluşly orny eýeleýär. Eser Aşgabadyň dürli teatrlarynda sahnalaşdyrylýar. 1980-nji ýyllardan bäri bu eser Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky Rus Drama teatrynda, şeýle hem beýleki teatrlarda yzygiderli ýerine ýetirilýär. Sahnalaşdyrylan “Arşin Mal Alan” spektakly hem ýerli, hem-de daşary ýurtly tomaşaçylar tarapyndan uly höwes we gyzyklanma bilen tomaşa edilýär, teatr söýüjileri tarapyndan ýokary baha berilýär.

3 THE ASHGABAT TIMES
6 THE ASHGABAT TIMES

Zehinli Üzeýir Hajybeýli 1885-nji ýylyň sentýabr aýynyň 18-ne Azerbaýjanyň aýdym-sazy we medeniýet bäşligi hasaplanýan Şuşa şäherinde dünýä indi. Üzeyir Hajibeyli Azerbaýjan bilen birlikde, musulman gündogary we bütin türk dünýäsi üçin hem buýsançly şahsyýetdir.

1 THE ASHGABAT TIMES

Azerbaýjan kompozitorlyk mekdebiniň esaslandyryjysy bolan Üzeýir Hajybeýli täzelikçi sungat işgäri hökmünde milli aýdym-saz hazynasyny özboluşly görnüşler we žanrlar bilen baýlaşdyrdy. Ol gündogaryň we günbataryň aýdym-saz üstünlikleriniň çuňňur jebisliginde dünýä aýdym-sazynyň altyn gaznasynda abraýly orny eýeleýän seýrek sungat merjenlerini döretdi we Azerbaýjan medeniýetine halkara derejesinde giň şöhrat getirdi. Üzeýir Hajybeýli şol bir wagtyň özünde, ajaýyp çeper zehini saýasynda Azerbaýjan dramaturgiýasyna möhüm goşant goşdy, baý žurnalistikasy bilen metbugat ýyllarynda täze sahypalar ýazdy. Onuň türkiçilik ideologiýasy bilen gurşalan doly syýasy-jemgyýetçilik işjeňligi hakyky watançylygyň mysalydyr. Üzeýir Hajybeýliniň eserleri bütin dünýäde giňden tanalýar we uly hormat bilen garşylanýar. Hususan-da, zehinli kompozitor “Leýli we Mežnun”, “Koroglu”, “Arşin Mal Alan” we “O Olmasin, Bu Olsun” eserleri halkara sahnalarynda ýerine ýetirilýär. Bu eserler diňe bir türk dünýäsinde däl, eýsem dürli ýurtlarda, şol sanda Ýewropa, Amerika we Aziýa teatrlarynda-da üstünlikli sahnalaşdyrylýar. Azerbaýjan Demokratik Respublikasynyň, häzirki wagtda garaşsyz Azerbaýjanyň döwlet gimniniň sazy Üzeýir Hajibeýlä degişlidir.

Üzeyir Hajybeýli Bakuda okaýan talyplar üçin ilkinji aýdym-saz mekdebini – Azerbaýjan Döwlet Türk Aýdym-saz Mekdebini gurdy. Üzeýir Hajybeýli Baku Aýdym-saz Tehnikumyna, Azerbaýjan Ylymlar Akademiýasynyň Inçe Sungat institutyna, Azerbaýjan Döwlet Konserwatoriýasyna, Kompozitorlar Bileleşigine ýolbaşçylyk etdi, ilkinji halk gurallary orkestrini we konserwatoriýanyň ýanynda ilkinji köp sesli Azerbaýjan horyny döretdi.

Üzeyir Hajybeýli 1948-nji ýylyň noýabr aýynyň 22-ne Baku şäherinde aradan çykdy we Hormat Seýilgähinde jaýlandy. Üzeýir Hajybeýliniň mirasy bu güne çenli dowam edýär. Onuň ady Azerbaýjanyň dürli medeni merkezlerinde, teatrlarynda we aýdym-saz mekdeplerinde janlandyrylýar, Üzeýir Hajibeýliniň hormatyna aýdym-saz festiwallary geçirilýär. Üzeýir Hajibeýliniň öýi Şuşadaky muzeýe öwrüldi we onuň ömri we döredijiligine bagyşlandy.

7 THE ASHGABAT TIMES

Üzeýir Hajibeýliniň ömri we döredijiligine bagyşlanan “Üzeyir ömri” çeper filmi, şeýle hem birnäçe dokumental filmler düşürildi. ÝUNESKO-nyň karary bilen onuň 100, 110 we 120 ýyllygy halkara derejesinde bellendi. 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda Üzeýir Hajybeýliniň doglan gününiň 140 ýyllygy belleniler. Bu waka bilen Azerbaýjanda we daşary ýurtlarda birnäçe çäreler gurnalýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
caga tomus THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Tomus möwsüminiň gyzyklanmalary

bugday 23 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bugdaý oragy gyzyşýar

Soňkylar Habar

GitTop