Dark
Light
27.01.2026
yas alymm THE ASHGABAT TIMES

Ýaş alymlar sylaglandy

13.06.2025

2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­tin­de Ylym­lar gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň ýaş­la­ry­nyň ara­syn­da yl­my iş­ler bo­ýun­ça yg­lan edi­len bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di.

Bu bäs­le­şik Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy we Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi bi­len bi­le­lik­de gu­ral­ýar. Oňa yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry­nyň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň we önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry­nyň iş­gär­le­ri, ýo­ka­ry hem-de or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň mu­gal­lym­la­ry we ta­lyp­la­ry, yl­my iş­ler bi­len meş­gul­lan­ýan dür­li hü­när­dä­ki ýaş­lar gat­naş­ýar­lar.

yas alym 222 THE ASHGABAT TIMES

Yl­my bäs­le­şi­ge şu ýyl ýaş­la­ryň 1 müň 665-si­ gat­naş­dy. Ýaş alym­lar na­no­teh­no­lo­gi­ýa­lar, hi­mi­ki teh­no­lo­gi­ýa­lar, tä­ze ma­te­rial­la­ry öw­ren­mek we ener­ge­ti­ka; bio­teh­no­lo­gi­ýa, mo­le­kul­ýar bio­lo­gi­ýa, oba ho­ja­ly­gy, eko­lo­gi­ýa we ge­ne­ti­ka; mag­lu­mat we ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry, komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry; hä­zir­ki za­man luk­man­çy­lyk we der­man se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­mek teh­no­lo­gi­ýa­la­ry; in­no­wa­sion yk­dy­sa­dy­ýet; yn­san­per­wer ylym­lar ýa­ly 6 ugur bo­ýun­ça yl­my iş­le­ri­ni hö­dür­le­di­ler. Bäs­le­şi­giň emin ag­za­la­ry hö­dür­le­nen iş­le­ri sel­je­rip, je­mi 118 sa­ny ýaş aly­my ýe­ňi­ji di­ýip yg­lan et­di­ler.

Bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň adyn­dan gym­mat ba­ha­ly sow­gat­la­r we şa­ha­dat­na­ma­la­r gow­şur­yldy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

rh commodities assessment THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

UNFPA aýallaryň reproduktiw saglygyny goramak üçin serişdeleriň wagtynda getirilişini üpjün etmek boýunça utgaşdyryş maslahatyny geçirdi

migrasi THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabatda mig­ra­si­ýa bo­ýun­ça halkara maslahat geçirildi

Soňkylar Habar

GitTop