Dark
Light
27.12.2025
turksoy THE ASHGABAT TIMES

Ýaş türkmenistanlylar TÜRKSOÝ-nyň ýaş şahyrlarynyň halkara bäsleşiginiň laureaty boldular

02.06.2025

Şu ýylyň 28 ― 30-njy maý aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Oş şäherinde Türki dünýäsiniň döwletleriniň ýaş şahyrlarynyň birinji festiwaly geçirildi. TÜRKSOÝ tarapyndan geçirilen giň gerimli edebi döredijilik forumyna Azerbaýjandan, Wengriýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden, Türkmenistandan we Özbegistandan halypa hem-de ýaş şahyrlar işjeň gatnaşdylar.


Festiwalyň meýilnamasyna laýyklykda, onuň çäklerinde Oş şäherinde gyrgyz halkynyň görnükli ýazyjysy Žolan Mamytowyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy geçirildi. TÜRKSOÝ tarapyndan ilkinji gezek guralan ýaş şahyrlaryň festiwalynda oňa gatnaşyjy ýurtlaryň şahyrlary ýörite tabşyrylan temalar boýunça öz şygyrlaryny okadylar. Erkin edebiýat agşamynda çeper okaýyşlary ýerine ýetirdiler, türki dünýäniň edebiýatynyň görnükli wekilleriniň eserlerini terjime etmek boýunça öz tejribelerini paýlaşdylar.


Festiwalyň bäsleşikli tapgyrynyň netijesi boýunça, eminler toparynyň çözgüdine laýyklykda, 100-e golaý gatnaşyjynyň içinden «Türkmenistan» gazetiniň jogapkär kätibi Muhammet Bekgiýew hem-de «Nesil» gazetiniň bölüm redaktory Daňatar Galpakow Türki dünýäsiniň ýaş şahyrlarynyň arasynda geçirilen «Ýaşyl älem» atly bäsleşik-festiwalynyň laureaty bolup, TÜRKSOÝ-nyň Žolon Mamytow adyndaky halkara medaly bilen sylaglandylar. Ýeri gelende bellesek, festiwalyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň başlygynyň orunbasary Akmyrat Rejebow bolsa Gyrgyz Respublikasynyň Ýazyjylar birleşiginiň hormatly agzalygyna kabul edildi.

«THE ASHGABAT TIMES»

lager 2bas 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Çagalar tomusky dynç alyş möwsümine ugradyldy

i 12 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Adam beýnisiniň syrly dünýäsi

Soňkylar Habar

2026-njy ýylyň şygary we nyşany kesgitlenildi

27.12.2025
Bu barada 26-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde aýdylyp, Mejlisiň Başlygy 2026-njy ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine
GitTop

Don't Miss