Dark
Light
04.01.2026
yhg kararnama THE ASHGABAT TIMES

YHG-da Türkmenistanyň başlangyjy bilen Kararnama kabul edildi

23.06.2025

2025-nji ýylyň 21-22-nji iýunynda Türkmenistanyň wekiliýeti Stambulda geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Duşuşygyň gün tertibinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlarda parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmek, şeýle hem döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly meselelere aýratyn orun berildi.

2025-nji ýylyň 22-nji iýunynda YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 51-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «YHG-nyň we bütin dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde we berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny hakynda» atly kararnama biragyzdan kabul edildi.

Resminama syýasy-hukuk guraly hökmünde bitaraplygyň halkara we sebit durnuklylygyny berkitmäge ýardam edýändigini, döwletleriň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm orny eýeleýändigini nygtaýar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

kids ekso THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Kids Expo: hemme zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka geçiriler

parahat kepderi THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Parahatçylyk söýüjilik strategiýasyny ilerledip

Soňkylar Habar

«FLEX» maksatnamasy Amerika okuwa çagyrýar!

31.12.2025
Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär. «FLEX» ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bilim we medeni maksatnamalar Býurosynyň medeni alyş-çalyş maksatnamasy bolup, Türkmenistanda Halkara bilim boýunça
GitTop