Dark
Light
27.12.2025
cagalar bagy terbiyeci surat THE ASHGABAT TIMES

Ähli alada eziz körpeler üçin

15.07.2025

Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna” gol çekdi. Bellenilişi ýaly, bu resminama bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmak, mugallymlaryň we terbiýeçileriň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi.

Çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýamyzda hem bu ugurda birnäçe işler göz öňünde tutulyp, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaklyga, jemgyýetiň ruhy, intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmäge hem birnäçe işler gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda her bir maşgalada, şol sanda bilim we terbiýeçilik edaralarynda çagalaryň sagdyn kemala gelmegi, sowatly bolup ýetişmegi ugrunda zerur şertler durmuşa geçirilendir. Bu ugurda çagalar baglarynda hem körpeleriň zerurlyklary göz öňünde tutulyp, dürli çäreler, öwrediji okuwlar geçirilýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmakda, çagalary okatmakda häzirkizaman usullaryndan peýdalanmakda çagalar baglaryndaky interaktiw tagtalardan, kompýuterlerden peýdalanmagyň ähmiýeti diýseň uludyr. Döwrebap enjamlaşdyrylan otaglar we kämil tehnologiýalaryň elýeterli bolmagy körpeleriň dünýägaraýşynyň giň, gözýetiminiň çuň bolmagyna getirýär.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamyny ähli babatda ösdürmek boýunça berýän tabşyryklaryndan ugur alyp, biz hem körpe nesillerimize bilim, terbiýe bermekde öz gujur-gaýratymyzy gaýgyrman zähmet çekeris. Türkmenistan döwletimiziň gülläp ösmegi, türkmen halkymyzyň asuda we parahat durmuşda ýaşamagy babatda uly tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Altyn NEPESOWA,
Daşoguz şäheriniň 31-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

saglygy gorayys THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dalaşgärler üçin: saglygy goraýyş barlaglary haýsy saglyk öýlerinde geçiriler?!

talyplyk bosagasy THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Talyplyga dalaşgärlerden resminamalar kabul edilip başlandy

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop