bilim mekdep THE ASHGABAT TIMES

Ähli döwürleriň baýlygy

11.07.2025

Ylym-bilim her bir ynsan üçin bahasyz baýlykdyr, gymmatly hazynadyr. «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň» diýlişi ýaly, ylym ömri bakylyga, ýaşaýşy bagtyýarlyga sapýar. Her bir döwletiň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde ylym ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Çünki innowasiýalaryň ösen häzirki döwründe ylym-bilim döwrebap işleri durmuşa geçirmekde möhüm serişde bolup hyzmat edýär.

Bilim — beýik işlere badalga, ylym bolsa bagtyýarlykdan binýat bolan durmuşyň synmaz sütünidir. Hut şonuň üçinem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ylym-bilim ulgamyna aýratyn uly üns berlip, bu ugurda döwletli işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle diýilýär: «Bilim arkaly beýik geljek gurulýar. Hut şonuň üçin hem biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garaýarys. Bilim ulgamynda öňde goýan maksatlarymyza ýetmek üçin bu ulgamy toplumlaýyn kämilleşdirmegiň çäginde dünýäniň ösen döwletleri, öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri, iri abraýly halkara guramalary we olaryň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirýäris».

Milli Liderimiziň döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen häzirki wagtda sanly bilim ulgamyny ösdürmekde beýik işler durmuşa geçirilýär. Munuň netijesinde, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenen ylym-bilim ulgamy dünýä derejesine çykarylýar hem-de ösdürilýär. Goý, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny döwrebap ösdürmekde yzygiderli tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaç bolsun!

Bike ANNAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
parahat kepderi THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Şöhratly döwrüň täze sahypasy

galla bugday THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Watan harmanyna bugdaýyň 1 million 407 müň tonnasy!

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop