Dark
Light
24.01.2026
bass2222 THE ASHGABAT TIMES

Amerikan aýdymçysy Jessika Lin: «Aşgabat bizi mähirli garşy aldy»

06.07.2025

Şu günler Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Rok» aýdym-saz topary hem-de aýdymçy Jessika Lin türkmen paýtagtynda myhmançylykda bolýar.  Myhmanlar düýn ― 5-nji iýulda «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde, bu gün ― 6-nji iýulda bolsa «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde konsert bilen çykyş etdiler. Konsertler paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň ýüzlerçesini bir ýere jemledi.

elizabet rut THE ASHGABAT TIMES

Konsertler ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralyp, ilçi Elizabet Ruduň hut özüniň gatnaşmagy dabaralaryň ähmiýetini artdyrdy. Bu dabaralar türkmen-amerikan gatnaşyklarynda medeni dialoga aýratyn uly ornuň degişlidigini görkezýär.

basss THE ASHGABAT TIMES
20250706 201654 THE ASHGABAT TIMES

Konsertiň dowamynda Jessika güýçli sesi we üýtgeşik zehini bilen tomaşaçylary özüne çekip, ýokary ýerine ýetiriş ukyplaryny görkezdi. Aýdymçynyň her aýdymy uly yhlas we söýgi bilen ýerine ýetirildi.

bas suraty THE ASHGABAT TIMES

Maglumat hökmünde belläp geçsek, Jessika Nýu-Ýorkda ýaşaýar we mugallymçylyk edýär. Ol köp gezelenç etmegi halaýar. Türkmenistan bu toparyň gezelenç eden 20-nji ýurdudyr. «Rok» aýdym-saz topary bolsa Jessikanyň garyndaşlarynyň gatnaşýan maşgala taslamasydyr: kaka (gitara), eje (klawiatura we wokal), adamsy (bas gitara), maşgala dosty (deprek). Rok žanry häzirki wagtda Nýu-Ýorkda kän meşhur bolmasa-da, Jessika ondan uly lezzet alýar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

dil konsep THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dil bilen dünýäni gezer

awaza forum THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze sahypasy

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop