Dark
Light
28.01.2026
arkadag sahergg THE ASHGABAT TIMES

Arkadag şäheri – geljegiň şäheri

10.07.2025

Mälim bolşy ýaly, gurýan, döredýän döwlet kuwwatlydyr. Şoňa görä-de, şähergurluşygyň milli nusgasy hökmünde ykrar edilen Arkadag şäheri guwandyryjy ösüşlerimiziň, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsidir. Sebitde deňi-taýy bolmadyk bu şäher türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik paýhasyndan we yzygiderli tagallasyndan kemal tapdy. Ýakynda täze şäheriň iki ýyllygy mynasybetli dabaralaryň ýokary ruhubelentlikde geçirilip, oňa bagtyýar halkymyzyň, ýaş nesillerimiziň işjeň gatnaşmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Ähli babatda nusgalyk Arkadag şäheri dünýä binagärliginiň öňdebaryjy gazananlaryny we tehniki üstünlikleri özünde jemleýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň gurluşyk senagatynda amala aşyrylýan işler hem häzirki döwrüň talabyna doly laýyk gelýär. Bu «akylly» megataslama häzirki zamanyň ýaşamak we işlemek, dynç almak üçin iň amatly şäherleriniň biri hökmünde bütin dünýäde ykrar edilýär. Muny «akylly» şäheriň häzirki wagta çenli halkara sylaglaryň ençemesine mynasyp bolmagy hem aýdyň tassyklaýar.

Hemmämiziň ýadymyzdadyr, geçen ýylyň 29-njy iýunynda asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de bu şähere bolan buýsanjyň we guwanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýmaklary möhüm taryhy waka boldy. Şunda watandaşlarymyzy ýyldyz baradaky maglumat bilen tanyşdyrmak maksady bilen, asman jisimine «Arkadag» adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamany, şeýle hem teleskopy we onuň düşüren suratlaryny ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurmak hakynda çözgüt kabul edildi.

Arkadag şäheri Milli Liderimiziň başlangyçlary hem-de döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen täze taryhy döwrümiziň beýik işlerine şan berip, milli buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Goý, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen nusgalyk işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Uzykjemal ARTYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

jil THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Milli terbiýe – asylly ýörelge

yaslar bilim ylym THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýaşlara hünär ýaraşýar

Soňkylar Makalalar

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Milli terbiýe – asylly ýörelge

25.01.2026
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanylyp,

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu
GitTop