6cec08c58a794a24d2b7d3b1a03cf1d4 THE ASHGABAT TIMES

Awaza 2025: Tematiki Sergiler Halkara Hemmetaraplaýyn Gatnaşygyň Täze Sahypasyny Açar

30.07.2025

2025-nji ýylyň awgust aýynyň başynda, ýagny 5–8-nji aralygynda, Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy dünýä jemgyýetçiliginiň aýratyn ünsüni özüne çeker. Bu ýerde geçirilmegi meýilleşdirilýän Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahaty (LLDC3) diňe bir syýasy-ykdysady forum hökmünde däl, eýsem halkara hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň, tejribe alyşmalaryň, innowasiýanyň we medeniýetleriň çaknyşýan nokady hökmünde hem möhüm ähmiýete eýe bolar. Bu forumyň tapawutly aýratynlyklarynyň biri hem onuň çäginde guraljak giň gerimli tematik sergilerdir. Bu sergiler diňe bir ýurtlaryň ykdysady kuwwatyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem olaryň medeni baýlygyny, ylmy-tehniki ösüşini we halkara hyzmatdaşlyk boýunça tagallalaryny hem giňden açyp görkezmegi maksat edinýär.

Sergileriň esasy wezipesi halkara gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini ýüze çykarmakdyr. Dünýäniň dürli künjeklerinden gatnaşýan döwletler özleriniň ykdysady ösüşleriniň esasy ugurlaryny, innowasiýa çözgütlerini we sanly tehnologiýalaryny görkezmäge mümkinçilik alarlar. Şeýle sergiler ýurtlaryň arasynda özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy güýçlendirýän möhüm gurallaryň biri bolup durýar. Olaryň üsti bilen ýurtlaryň mümkinçilikleriniň hakyky derejesi görkezilýär we häzirki zaman dünýä bazaryna laýyk gelýän täze başlangyçlar teklip edilýär.

Türkmenistanyň bu çärä mynasyp gatnaşmagy aýratyn bellärliklidir. Forumyň geçirilýän ýerine öwrülen Awaza milli syýahatçylyk zolagy diňe bir dynç alyş merkezi hökmünde däl, eýsem häzirki wagtda halkara ykdysady gatnaşyklaryň möhüm tapgyry hökmünde-de tanalýar. Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan syýasaty, daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlary, energetika we ulag-logistika ulgamlarynda gazanýan üstünlikleri bu sergileriň üsti bilen dünýä ýaýramaga mümkinçilik tapýar. Ýurt tarapyndan guraljak pawilionlarda ykdysady ösüşiň strategik ugurlary, energiýa serişdelerini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça gazanylan üstünlikler, daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan çäreler, şeýle-de sanly ykdysadyýete geçmek babatynda edilen ädimler giňden görkeziler.

Sergilerde görkeziljek ýaşyl energetika taslamalary aýratyn orny eýelär. Häzirki zaman dünýä ykdysadyýeti ekologiýa taýdan durnukly ösüş ugrunda hereket edýär. Türkmenistan bu ugurda dürli taslamalary durmuşa geçirýär we halkara hyzmatdaşlygynyň bu ugruna hem işjeň gatnaşýar. Günüň, ýeliň, gidroenergiýanyň peýdalanylmagy bilen bagly täzeçillik taslamalaryň görkezilmegi, ýurdumyzyň ekologik howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen strategiýasynyň bir bölegidir. Bu sergilerde halkara jemgyýetçiligi bilen bu ugurda tejribe alyşmak hem meýilleşdirilýär.

Ýene bir möhüm ugur – ulag we logistika ulgamydyr. Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin iň uly kynçylyk daşarky bazarlara çykmagyň çylşyrymlylygydyr. Bu bolsa ykdysady ösüşe päsgel berýän möhüm faktordyr. Türkmenistan geografik taýdan Merkezi Aziýanyň göbeginde ýerleşýär. Bu ýerleşişi onuň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ulanmaga giň mümkinçilik berýär. Hazaryň kenaryndaky Türkmenbaşy halkara deňiz porty, demir ýol we awtomobil ýollarynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen ýurt, halkara üstaşyr ulag ulgamlarynyň möhüm bölegine öwrülýär. Bu sergilerde hem Türkmenistanyň bu ugurda gazanan üstünlikleri, halkara taslamalara gatnaşmagy giňden beýan ediler.

Milli senagatyň ösüşi hem sergileriň möhüm böleginiň biri bolar. Türkmenistan içerki önümçilige uly üns berýär. Öndürilýän harytlaryň görnüşleriniň giňeldilmegi, ýokary tehnologiýaly önümçilik kärhanalarynyň döredilmegi, iş orunlarynyň artdyrylmagy bilen ykdysady ösüşiň düýpli binýady döredilýär. Hususy sektoryň işjeňleşmegi, kiçi we orta telekeçilige döredilýän şertler, işewür gurşawyň gowulandyrylmagy ýurdumyzda ykdysady ösüşiň täze tapgyryna gadam basmaga mümkinçilik berýär. Sergilerde milli önümçilik kärhanalarynyň önümleri, olaryň halkara bazara çykmak mümkinçilikleri, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýola goýlan gatnaşyklary giňden görkeziler.

Sergi meýdançalary diňe bir ykdysady mümkinçilikler bilen çäklenmän, medeni baýlygyň hem görkezilýän giňişligidir. Her bir ýurt öz milli medeniýetini dünýä tanatmak isleýär. Türkmenistanyň baý taryhy we medeni mirasy hem bu sergide aýratyn orun alar. Halylarymyz, dokma önümlerimiz, milli lybaslar, amaly-haşam sungaty, saz we folklor sungaty dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen myhmanlaryň uly gyzyklanmasyna sebäp bolar. Şeýle-de, Türkmenistanyň medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alyp barýan işleri – medeniýet hepdelikleri, festiwallar, döredijilik alyşmalary ýaly başlangyçlary sergide giňden açylyp görkeziler.

Forumyň çäklerinde geçirilýän bu sergilerde ýaşlar üçin hem aýratyn meýdançalaryň döredilmegi meýilleşdirilýär. Ýaşlaryň innowasion pikirleri, olaryň döredýän startap taslamalary, sanly tehnologiýalara bolan höwesi döwletimiziň ýaşlara uly üns berýändiginiň subutnamasydyr. Bilim, ylym we täzeçil pikirleriň birleşýän ýerinde ýaşlaryň orny örän möhümdir. Bu sergiler ýaşlara öz pikirlerini halkara derejesinde görkezmäge mümkinçilik döreder, olaryň dünýä ýurtlary bilen tejribe alyşmagyny üpjün eder. Şeýle forumlaryň geçirilmegi diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem syýasy taýdan hem uly ähmiýete eýedir. Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda “Açyk gapylar” we bitaraplyk syýasatyna ygrarlylygyny görkezýär. Bu syýasatyň esasynda dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy esasy orunda durýar. Awazada geçirilýän halkara forum we onuň çägindäki sergiler bolsa Türkmenistanyň bu syýasatynyň netijeliligini görkezýän aýdyň subutnama bolup durýar.

Araşewa Ogulsapdy
Türkmen döwlet maliýe
institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
688708cebf7ee631920837 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň üçünji halkara maslahaty: Awaza 2025 – ösüş, hyzmatdaşlyk we ynanyşmagyň täze sahypasy

hazar port THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Awazada geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop