Dark
Light
03.01.2026
awaza kenar THE ASHGABAT TIMES

Awaza forumy: geografik özboluşlylygy mümkinçiliklere öwrüp

24.07.2025

Mälim bolşy ýaly, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri, esasan, ulag, söwda, infrastrukturalar bilen bagly. Maglumatlara görä, olar üçin iň ýakyndaky deňiz porty, takmynan, 1 müň 370 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Şoňa görä, olaryň söwda çykdajylary, kenarýaka goňşularyna garanyňda, iki esse artyk bolýar. Şu nukdaýnazardan, biri-biri bilen baglanyşykly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, harytlar üçin gümrük we serhet amallaryny ýönekeýleşdirmek, bu işe sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmak zerurdyr.

Awazada geçiriljek nobatdaky maslahat bolsa deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň mümkinçiliklerini açmak maksady bilen, özara gatnaşyklary ýola goýmak babatda netijeli meýdança öwrüler. Forum üçin saýlanyp alnan «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly mowzuk hem onuň esasy mazmunyny özünde jemleýär.

Hazaryň türkmen kenary deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler bilen bagly çäräni öňem bir gezek kabul edipdi. Has anygy, 2022-nji ýylyň awgustynda Awazada bu döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki maslahat geçirildi. Ýöne indiki boljak forumyň ähmiýetidir derejesi boýunça ondan düýpgöter tapawutlanýandygyny turuwbaşdan nygtamaly. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler babatda her 10 ýyldan bir gezek guraýan maslahatlarynyň üçünjisi bolup, häzirki geosyýasy hem geoykdysady ýagdaýlaryň üýtgäp duran şertlerinde deňiz terminallaryna göni çykalgasy bolmadyk ýurtlarda durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly anyk çelgileri kesgitlemäge mümkinçilik berer.

Häzirki wagtda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde utgaşykly sebit we sebitara logistika ulgamyny döretmek, Merkezi Aziýany, Ýewropany, Hazar, Gara deňzi, Baltika sebitlerini, Orta hem-de Ýakyn Gündogary, Günorta, Günorta-Gündogar Aziýany baglanyşdyrýan döwletara üstaşyr geçelgelerini kemala getirmek boýunça iri taslamalar amala aşyrylýar. Bularyň ählisi Bitarap Watanymyzyň sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerine deňeçer çözgütleri işläp taýýarlamak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara goşant goşmaga ygrarlydygyna şaýatlyk edýär. Hazaryň türkmen kenarynda BMG-niň howandarlygynda geçiriljek wekilçilikli maslahat hem Zeminiň çar künjeginden myhmanlary bir ýere jemläp, bu hakykaty ýene bir ýola äleme ýaýar.

Toýlynyýaz ŞIRMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

awaza emblem THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

BMG-niň Awaza maslahaty: häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny

awaza surat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Möhüm çözgütler, täzeçil teklipler

Soňkylar Makalalar

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025
Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
GitTop