Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz iri wekilçilikli çäräni — Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge mümkinçilik aldy. Baş Assambleýanyň degişli Kararnamasyna laýyklykda, bu forum şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralar.
Hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahata gatnaşyjylara iberen wideoýüzlenmesinde: «Türkmen tarapy Baş Assambleýanyň «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakynda» Kararnamasyny işläp taýýarlamaga girişmäge wagt ýetdi diýip hasap edýär. Türkmenistan bu resminamany taýýarlamaga girişmäge taýýardyr, ähli netijeli teklipler we başlangyçlar üçin açykdyr» diýmek bilen, täze başlangyçlary öňe sürdi.
Türkmenistan açyk deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň hataryna girýän-de bolsa, onuň Hazar deňziniň kenarynda ýerleşmegi halkara deňiz gatnawyna işjeň goşulyşmagyna mümkinçilik döredýär. Hazar deňzi yklymara ýollaryň çatrygynda ýerleşýändigi üçin Hazarýaka ýurtlaryň çägi gündogar tarapda Günorta Aziýa we Aziýa — Ýuwaş umman sebitine, günbatar tarapda Gara we Ortaýer deňizlerine, günorta tarapda Eýranyň üsti bilen Ýakyn we Orta Gündogara, Russiýanyň üsti bilen Baltika deňziniň kenar ýakasyna çykmak mümkinçiligine eýe. Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitinde eden çykyşynda Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça Ýewraziýada üstaşyr ulag akymlarynyň baglanyşdyryjy merkezi hökmünde Hazar deňzini «Mümkinçilikleriň deňzi» diýip atlandyrmagyň hakykatdan daşda däldigini nygtapdy.
Bu agzalanlar Bitarap Watanymyzyň sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerine deňeçer çözgütleri işläp taýýarlamak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara goşant goşmaga ygrarlydygyna şaýatlyk edýär. Hazaryň türkmen kenarynda BMG-niň howandarlygynda geçiriljek wekilçilikli maslahat hem Zeminiň çar künjeginden myhmanlary bir ýere jemläp, bu hakykaty ýene bir ýola äleme ýaýar.
Nargül ANNAGELDIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.