awaza sayt THE ASHGABAT TIMES

Awaza forumynyň resmi internet saýty hereket edýär

18.07.2025

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň maýynda hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirip, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly meselelere seredilmegi möhüm ähmiýete eýe boldy. Şunda halkara maslahatyň resmi internet saýtynyň synag maksatly işe girizilendigi habar berildi. Bu saýt www.lldc3.gov.tm internet salgysy arkaly elýeterlidir.

Halkara forumyň internet saýty üç dilde ― türkmen, iňlis we rus dillerinde alnyp barylýar. Saýtda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar, şu gezekki halkara forumyň işi barada maglumatlar berilýär, şeýle hem onuň esasy çäreleriniň meýilnamalary ýerleşdirilendir. Şunda bu forumyň Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň ählisi: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar, olaryň goňşulary ― üstaşyr geçiriji döwletler üçin maslahatdygy nygtalýar. Şeýle hem maslahata hökümetara guramalaryň, halkara maliýe edaralarynyň we beýleki halkara institutlaryň, sebitleýin toparlaryň, BMG-niň düzümleýin edaralarynyň we agentlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, akademiki edaralaryň we ylmy bileleşikleriň, hususy işewürleriň, haýyr-sahawat guramalarynyň, ýaşlaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşyp biljekdigi beýan edilýär.

Halkara foruma näçe günüň, näçe sagadyň, hatda näçe minudyň galandygynyň baş sahypada görkezilmegi saýtyň esasy üns berilmeli aýratynlygydyr. Mundan başga-da, saýtda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň esasy ugurlary barada giňişleýin maglumatlar berlip, forumyň geçjek ýeriniň geografik kartasy hem ýerleşdirilendir. Saýt bilen ugurdaşlykda, mobil goşundysy hem hereket edýär.

Senemgül ALLAKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
awaza gami THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

BMG-niň Awaza forumy: deňhukukly gepleşikler meýdançasy

azerbaijan and turkmenistan join united nations e cmr protocol 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan – Azerbaýjan: dostlukly gatnaşyklar pugtalandyrylýar

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop