Dark
Light
27.12.2025
awaz2 THE ASHGABAT TIMES

Awaza: halkara forumlarynyň merkezi

16.07.2025

Hemişelik Bitaraplygymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmeginiň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 4-8-nji awgusty aralygynda owazasy dünýä dolan Awazada Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçiriler. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljek BMG-niň bu iri wekilçilikli maslahatynyň dünýäniň iň abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Bitarap döwletimizde geçirilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir.

 Forumyň esasy maksady deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmaga, sebitara we halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilendir. Bu meseleleriň oňyn çözgüdi gatnaşyklaryň hilini özgertmäge hem-de netijeliligini artdyrmaga ýardam eder. Maslahatda 2024 — 2034-nji ýyllar döwri üçin deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň kabul edilmegi göz öňünde tutulýar. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmek bilen ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlaryny mundan beýläk-de ilerletmäge taýýardygyny bütin dünýä ýene bir ýola äşgär eder.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Hazaryň kenarynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyny geçirmek we onuň çäklerinde beýleki medeni-ynsanperwer çäreleri ýaýbaňlandyrmak arkaly Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň arasynda dostluk köprüleriniň binýadyny has-da berkider» diýip belleýşi ýaly, dostluk mekany Awazada üstünlikli geçiriljek halkara forumda gazanyljak ylalaşyklar, kabul ediljek çözgütler Bitarap döwletimiziň döwrebap ulag-logistika ulgamynyň sebit we yklym ähmiýetli ýollaryň ösmegindäki ähmiýetini has-da artdyryp, dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, durnukly ösüşiň rowaçlanmagyna kuwwatly itergi berer.

Maral JUMAMYRADOWA,
Seýitnazar Seydi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
Pedagogika fakultetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

awaza forum THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dostlukly hyzmatdaşlygyň «deňiz derwezesi»

awaza gun THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop