avaza THE ASHGABAT TIMES

Awaza – halkara hyzmatdaşlygynyň täze belentliginde

16.07.2025

Häzirki wagtda halkara gatnaşyklarynda özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk we durnukly ösüş ýörelgelerine daýanmak dünýä ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgesine öwrüldi. Şol nukdaýnazardan, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösýän döwletleriniň III maslahaty dünýäniň geografik taýdan çäklendirilen, ýagny deňze göni çykalgasy bolmadyk döwletleriniň ykdysady taýdan ösdürilmegine gönükdirilen möhüm halkara çäreleriň biridir. Şeýle möhüm forumyň 2025-nji ýylda Türkmenistanda, has takygy, gözel Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi – Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygynyň, parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň we dünýäde ösüşiň hem-de hyzmatdaşlygyň ýolunda öňdebaryjy ornunyň nobatdaky subutnamasydyr.

Maslahatda dünýäniň dürli künjeklerinden ýokary derejeli wekiller, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ykdysadyýet, ulag we söwda ulgamlary boýunça ministrlikleriň ýolbaşçylary gatnaşýarlar. Olar öz ýurtlarynyň deňze çykalgasy bolmazlygy bilen bagly ýüze çykýan ykdysady we logistiki kynçylyklar, olaryň çözgütleri hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada pikir alşýarlar. Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ösüşe ýetmekde ýüzbe-ýüz bolýan esasy meseleleriniň biri – halkara bazarlaryna çykmakda we ykdysady taýdan üstünlik gazanmakda deň şertleriň döredilmezligidir. Hut şu sebäpli şeýle halkara forumlar hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmaga, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we döwletleriň arasynda hakyky hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň şeýle ýokary derejeli çärä mynasyp derejede ýer eýeçiligi etmegi, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli, oýlanyşykly we dünýäniň häzirki zaman ösüşlerine laýyk gelýän daşary syýasatynyň netijesidir. Türkmenistan özüniň ösüş strategiýasynda ulag diplomatiýasyna aýratyn orun berýär. Şol sanda ýurdumyzyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän halkara derejeli taslamalar – Demirgazyk-Günorta, Gündogar-Günbatar ugry boýunça ulag geçelgeleri, “Lapis Lazuli”, Transhazar geçelgesi ýaly taslamalar deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Şu günki gün Türkmenistan diňe bir Merkezi Aziýada däl, eýsem tutuş Ýewraziýa giňişliginde ulag geçelgeleriniň döwrebaplaşdyrylmagynda, sebitleýin söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmeginde, logistik düzümleriň pugtalandyrylmagynda möhüm orun eýeleýär.

Awaza milli syýahatçylyk zolagy bolsa halkara derejesindäki şeýle forumlaryň geçirilmegi üçin ähli şertleri özünde jemleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurulyp, döwrebap myhmanhanalar, halkara media merkezleri, ýokary derejeli maslahat zallary bilen üpjün edilen bu sebit häzirki wagtda diňe bir dynç alyş zolagy hökmünde däl, eýsem halkara diplomatiýasynyň täze merkezine öwrülýär. Awazada geçirilýän şeýle maslahatlar diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem syýasy taýdan hem Türkmenistanyň abraýyny artdyrýar, ýurdumyzyň halkara giňişlikde tutýan ornunyň barha ýokarlanýandygyny görkezýär.

Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň III maslahatynyň dowamynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda bilelikdäki taslamalar, ykdysady ösüşiň mümkinçilikleri boýunça teklipler öňe sürlüp, birnäçe möhüm resminamalara gol çekilmegine garaşylýar. Bu bolsa hyzmatdaş döwletleriň arasynda özara bähbitli, uzak möhletleýin gatnaşyklary pugtalandyrar. Şeýle hem bu halkara çäräniň netijeleri diňe bir gatnaşyjy ýurtlaryň däl, eýsem sebitiň we tutuş dünýäniň durnukly ösüşine itergi berer.

Netijede, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösýän döwletleriniň III maslahatynyň ýurdumyzda geçirilmegi – Türkmenistanyň dünýäde ösüş, hyzmatdaşlyk we parahatçylyk ýörelgelerine eýerýändiginiň aýdyň beýanydyr. Awaza bolsa halkara hyzmatdaşlygynyň täze belentligine çykýan ýörite meýdança hökmünde dünýäde tanalýar. Şeýle giň gerimli çäreler halkymyzyň beýik geçmişine, şöhratly döwlet ýörelgelerine, häzirki döwrüň ösüş maksatlaryna laýyk gelýän täze ösüşlere ýol açýar. Şeýle ajaýyp wakalar türkmen halkynyň halkara jemgyýetçiligindäki abraýyny has-da ýokarlandyrýar we ýurdumyzyň ösüş ýolunda ynamly öňe barýandygyny dünýä ýaň salýar.

Ç. Hojamuhammedowa
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň
“Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy”
kafedrasynyň müdiri

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
caga iymit tomus THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Tomusda dogry we sagdyn iýmitlenmek

talyp bilim yaslar THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Döwrebap hünärler – täze gözýetimler 

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop