Dark
Light
03.01.2026
awaza wbp THE ASHGABAT TIMES

Awaza taryhy maslahatyň bosagasynda

26.07.2025

Öňde duran forum – BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen utgaşýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna aýratyn ýaraşyk, taryhy dereje berer. Munuň özi türkmen diplomatiýasynyň nobatdaky ajaýyp üstünligine öwrüler. Milli Liderimiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň, «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasynyň barha ilerleýändigini, işjeňleşýändigini ýene bir ýola jümle-jahana ýaýar.

Maslahat dünýä ilatynyň 7 göterimine golaýyny emele getirýän we 32 ýurtda ýaşaýan 570 milliondan gowrak ilatyň geljegi bilen gönüden-göni baglanyşykly örän möhüm duşuşyk bolmak bilen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň mümkinçiliklerini herekete getirip, oňyn hyzmatdaşlygy ilerletmegi maksat edinýär. 32 ýurduň 16-synyň Afrikada, 12-siniň Aziýada, 2-siniň Latyn Amerikasynda, 2-siniň Merkezi we Gündogar Ýewropada ýerleşýändigi bolsa ony bütindünýä ähmiýetli syýasy çärä öwürýär.

Forumda innowasion çözgütleriň öňe sürülmeginiň, strategik hyzmatdaşlygyň ilerledilip, maýa goýumlaryň artdyrylmagynyň bar bolan meseleleri çözmäge, täze mümkinçilikleri açmaga ýardam etjekdigi şübhesizdir. Şunda söwdanyň ýeňilleşdirilmegini, infrastrukturanyň ösüşini, ykdysady köpugurlylygy üpjün etmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny artdyrmak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly ugurlara aýratyn orun degişlidir.

Maslahatyň jemleri boýunça Hereketleriň Awaza maksatnamasynda-da beýanyny tapjak bu ugurlaryň möhümligi bolsa hemmeler üçin has adalatly we rowaç geljegi gurmak babatdaky ählumumy maksatdan asla üzňe däldir. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatimanyň sözleri bilen aýtsak, munuň özi “Hiç kimi yzda galdyrmazlyk” ýörelgesine eýerip, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda ýaşaýan millionlarça ilatyň durmuşynda düýpli üýtgeşmeleri girizmek ýaly asylly maksada umumy ygrarlylygy görkezmäge ajaýyp mümkinçilikdir.

Toýlynyýaz ŞIRMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

15613e84a4c66e98fac9582901931195 1024x5328 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

“Awazada” dünýä derejesindäki forum: Durnukly ösüş üçin täze mümkinçilikler

awaza gummez THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Köpugurly tagallalara ýokary baha

Soňkylar Makalalar

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025
Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
GitTop