Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy şu ýylyň 4–8-nji awgusty aralygynda möhüm halkara çärä — Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatyna (LLDC3) mynasyp derejede geçiriler. Bu forum BMG-niň iň az ösen ýurtlary, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary we kiçi ada döwletlerini öz içine alýan giň halkara başlangyçlaryň çäginde geçirilýär.
Foruma 32 döwletiň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, BMG-niň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň, halkara we sebit guramalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, kanun çykaryjy edaralaryň, maliýe institutlarynyň hem-de hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle giň halkara gatnaşygy bu maslahaty dünýä derejesindäki çärä öwürýär.
Maslahatyň gün tertibine açylyş we ýapylyş dabaralary, plenar mejlisler, bäş sany ýokary derejedäki tematik “tegelek stol” we ýedi sany forum girýär. Olar Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy, parlament, ýaşlar, raýat jemgyýeti, zenan ýolbaşçylar, hususy pudak we arabaglanyşyk ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar. Şeýle hem ýerüsti ulag, durnukly energetika, ýaşlar syýasaty, ekologiýa we sirkulýar ykdysadyýet bilen bagly çäreler meýilleşdirilýär.
Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen guralýan sergiler, medeni çäreler we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleri forumyň medeni çäresiniň özboluşly bezegine öwrüler. Şeýle-de Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan resmi kabul ediş dabarasy geçiriler.
Forumyň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça ýurdumyzda giň gerimli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. 2025-nji ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen brifingde ýurdumyzyň bu forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge taýýardygyny diplomatlara hem-de jemgyýetçilik wekillerine görkezdi.
Şeýle möhüm forumyň geçirilmegi, ýurdumyzyň halkara abraýynyň yzygiderli artýandygynyň hem-de dünýä bileleşiginiň durnukly ösüş boýunça tagallalaryna işjeň goşulýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. “Awazada” geçiriler diýilýän bu çäräniň netijeleri, diňe bir deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin däl, eýsem bütin dünýä jemgyýetçiligi üçin durnukly ösüşe ýetmegiň täze ýol kartasyny kesgitlemäge ýardam berer.
Gözel PIRMUHAMEDOWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň uly mugallymy