Dark
Light
28.01.2026
awaza milli syyahatcylyk zolagy 1 THE ASHGABAT TIMES

Bilelikde ykdysady durnuklylyga we ösüşe tarap

09.07.2025

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji aprelinde Baş Assambleýanyň «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamasy kabul edilip, oňa laýyklykda, bu wekilçilikli çäräni Türkmenistanda guramak baradaky çözgüt goldanyldy.

Şu ýylyň 4-nji iýulynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda Karara gol çekip, bu iri forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň maýynda Balkan welaýatyna iş saparynyň çäginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolup, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC-3) geçiriljek ýerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy, Ministrler Kabinetiniň şu meselä bagyşlanan giňişleýin göçme mejlisini geçirmegi iri foruma görülýän taýýarlygyň çäklerinde möhüm ähmiýete eýe boldy. Döwlet Baştutanymyz Hökümet mejlisinde maslahatyň hem-de onuň bilen bagly ugurdaş çäreleriň guramaçylyk meselesine iňňän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy.

«Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly mowzukda şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilýän forum BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler babatda her 10 ýyldan bir gezek guraýan maslahatlarynyň üçünjisidir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan oňa ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurt dillerini bilýän talyplaryndan meýletinçiler taýýarlanylýar. Forum birnäçe möhüm çäreleri öz içine alar. Maslahata Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Munuň özi bilelikdäki tagallalary talap edýän ugurlar boýunça ýurdumyzyň başlangyçlaryna uly hormat bilen garalýandygyny görkezýär.

Gülşat HAKYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bmg b THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine

bitarap 03 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Parahatçylyk we ynanyşmak şuglasy

Soňkylar Makalalar

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Milli terbiýe – asylly ýörelge

25.01.2026
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanylyp,

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu
GitTop