awaza gami THE ASHGABAT TIMES

BMG-niň Awaza forumy: deňhukukly gepleşikler meýdançasy

18.07.2025

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji aprelinde Baş Assambleýanyň «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamasy kabul edilip, oňa laýyklykda, bu wekilçilikli çäräni Türkmenistanda guramak baradaky çözgüt goldanylypdy.

4-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda Karara gol çekip, bu iri forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada tabşyryklary berdi. Ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygyň ygtybarly esaslaryny berkitmäge ýardam edýän şeýle başlangyçlar ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň maýynda Balkan welaýatyna iş saparynyň çäginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolup, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC-3) geçiriljek ýerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy, Ministrler Kabinetiniň şu meselä bagyşlanan giňişleýin göçme mejlisini geçirmegi iri foruma görülýän taýýarlygyň çäklerinde möhüm ähmiýete eýe boldy. Döwlet Baştutanymyz Hökümet mejlisinde maslahatyň hem-de onuň bilen bagly ugurdaş çäreleriň guramaçylyk meselesine iňňän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy.

Bu halkara forumyň üstünlikli geçirilmegi ugrunda döredilen giň mümkinçilikleriň, durmuşa geçirilýän oýlanyşykly meýilnamalaryň we öňdengörüjilikli başlangyçlaryň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Peristan TÖRÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
awaza gami THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hazaryň kenaryndaky çäreler

awaza sayt THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Awaza forumynyň resmi internet saýty hereket edýär

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop