BMG bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlyk, sebit we ählumumy gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň deňeçer çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orun eýeleýän döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty hem munuň aýdyň mysalydyr.
Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň şu ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen 63-nji plenar mejlisinde wekilçilikli foruma degişli Kararnama kabul edildi. 57 döwlet bu resminamanyň awtordaşy hökmünde çykyş etdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda giň gerimli maslahata toplumlaýyn taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Oňa 32 ýurtdan, şeýle hem Milletler Bileleşiginiň agzasy bolan gyzyklanma bildirýän döwletlerden ýokary derejeli wekilleriň, BMG-niň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň, birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, kanun çykaryjy edaralaryň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 4-nji iýulynda gol çeken Karary BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejesini üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda bu maslahaty guramagyň tertibi hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 13-nji iýulda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiren guramaçylyk döwlet toparynyň maslahatynda-da oňa degişli meseleleriň we wezipeleriň tutuş toplumyna garaldy.
Şeýlelikde, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahat Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açar. Onuň giň gerimli maksatnamasy ösüş üçin zerur bolan wezipeleri çözmäge hem-de uzak möhletleýin geljek üçin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kemala getirmäge gönükdirilendir.
Azat OMADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.