Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça maslahaty, adyndan belli bolşy ýaly, dünýäniň iň iri halkara guramasynyň Az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň edarasy tarapyndan guralýar hem-de her 10 ýyldan geçirilýär. Maslahatyň geçirilmegi BMG-niň Baş Assambleýanyň Kararnamasy bilen tassyklanylýar. Bu iri maslahatyň ata Watanymyzda geçiriljekdigi hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji umumy mejlisinde 57 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde konsensus arkaly kabul edilen degişli Kararnama bilen tassyklanyldy.
Ilkinji gezek 2003-nji ýylda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde we 2014-nji ýylda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde geçirilen bu möhüm halkara maslahatyň üçünji işiniň ýurdumyzda geçirilmegi Türkmenistanyň tutanýerli yhlasy netijesinde gazanan halkara abraýyny bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Elbetde, Bitarap döwletimiziň nobatdaky bu üstünligi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan netijeli dowam etdirilýän döredijilikli daşary syýasy ugry bilen şertlendirilýär.
Forumyň netijeleri BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň netijeleri bilen utgaşyklylykda halkara derejedäki syýasy resminama hökmünde kabul ediljek 2024 — 2034-nji ýyllar üçin deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça Hereketleriň Awaza maksatnamasynda jemlener. Bu resminama 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň aýrylmaz bölegi hökmünde geljekki onýyllykda deňze çykalgasy bolmadyk döwletlerde durnukly ösüşi gazanmaga hyzmat eder.
Ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygyň ygtybarly esaslaryny berkitmäge ýardam edýän şeýle başlangyçlar ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň degişli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi geljekde ykdysady ösüşleriň täze depginlere eýe boljakdygyny kepillendirýär.
Ogultuwak ŞYHYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.