Dark
Light
03.01.2026
hazar denzi foto 2 THE ASHGABAT TIMES

BMG-niň Awaza forumy: zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy

25.07.2025

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçiriler. Mälim bolşy ýaly, Awaza forumynyň çäklerinde ugurdaş çäreler hem guralar. Bu çäreler toplumy jemi 7 sany esasy ugry öz içine alyp, şolaryň arasynda zenan ýolbaşçylaryň duşuşygyna hem möhüm orun degişlidir.

Şeýle duşuşygyň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlyk arkaly gender deňligini üpjün etmäge we goldamaga, aýal-gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilendir. 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibinde gender deňligi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň möhüm şerti hökmünde kesgitlenildi. Şonuň üçin zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda gender deňligi ulgamynda ýüze çykýan meseleleri çözmäge ýardam eder.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda ýaşaýan ilatyň, takmynan, 49 göterimini zenanlar düzýär. Şol sebäpli zenanlaryň kararlary kabul etmek we hereketleri ýerine ýetirmek işine deňhukukly we doly ygtyýarly gatnaşmagy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli amala aşyrmakda örän wajypdyr. 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibinde aýallaryň aýratyn orny ykrar edilýär.

Halkara maslahatyň çäklerinde geçiriljek bu duşuşygyň maksady, esasan, zenanlaryň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik ugurlaryna gatnaşmagy üçin bar bolan mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmakdan, gender deňligini öňe sürmekde öňdebaryjy tejribeleri we innowasion çemeleşmeleri kesgitlemekden ybaratdyr. Aýallaryň hukuklarynydyr mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça teklipleri we zerur bolan borçnamalary kesgitlemek 2024 — 2034-nji ýyllarda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň amala aşyrylyşyny tizleşdirmäge ýardam berer we onuň 2030-njy ýyla çenli döwür boýunça Gün tertibi bilen ýakyn arabaglanyşygyny beýan eder.

Saadat ÇARYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

hazar port THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Deňiz derwezesi – halkara hyzmatdaşlygyň ýoly

awaza kici THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan BMG-niň wekilçilikli maslahatyna taýýarlyk görýär

Soňkylar Makalalar

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025
Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
GitTop