Dark
Light
26.01.2026
awaza sport toplumy THE ASHGABAT TIMES

BMG-niň wekilçilikli maslahatyna taýýarlyk görülýär

14.07.2025

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini ilerletmäge gönükdirilen halkara derejeli forumlaryň, iri maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Muňa şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty aýdyň şaýatlyk edýär.

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 13-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow guramaçylyk döwlet toparynyň bu iri halkara forumy ýokary derejede guramaga bagyşlanan maslahatyny geçirdi. Onda halkara maslahaty we onuň çäklerinde guraljak ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly meselelere seredildi hem-de şu wagta çenli bu ugurda ýerine ýetirilen işlere baha berlip, öňde duran wezipeler kesgitlenildi.

Bellenilişi ýaly, geçiriljek çäreler toplumy jemi 7 sany esasy ugry: halkara maslahatyň açylyş we ýapylyş dabaralaryny hem-de plenar mejlislerini; ýokary derejedäki tematik «tegelek stollary» (5 sany); ýokary derejedäki 7 sany forumy, ýagny Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygyny, parlament forumyny, hususy pudagyň forumyny, raýat jemgyýetiniň forumyny, ýaşlar forumyny, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygyny, arabaglanyşyk boýunça çäräni, şeýle-de maslahata gatnaşýan döwletler hem-de halkara guramalar we edaralar tarapyndan geçiriljek çäreleri, şol sanda türkmen tarapynyň ýerüsti ulag we arabaglanyşyk, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, ýaşlar syýasaty, durnukly energetika, sirkulýar ykdysadyýet bilen baglanyşykly gurajak ugurdaş çärelerini; maslahatyň we ugurdaş çäreleriň geçiriljek binalarynda guraljak tematik sergileri, şol sanda türkmen tarapynyň gurajak sergilerini; Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günlerini we onuň çäklerinde guraljak medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konsertini; Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan maslahata gatnaşyjylaryň hormatyna guraljak resmi nahary öz içine alýar. Şeýlelikde, BMG-niň wekilçilikli bu halkara maslahaty Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen başlangyçlaryny mundan beýläk-de ilerletmekde möhüm ädim bolar.

Sare ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

awaza for 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Awaza forumy: taryhy tagallalaryň ykrarnamasy

emblem gerb 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy

Soňkylar Makalalar

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu

SPECA forumy: strategik ugurlarda dialogy ilerletmek

24.01.2026
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde ykdysady forum üstünlikli geçirildi. Şunda Milletler Bileleşiginiň standartlaryny

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam
GitTop

Don't Miss