Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýokary we orta hünär bilimi bölüminiň baş hünärmeni, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Derýa Ilmyradow bilen «Türkmenistan» gazetinde çap edilen söhbetdeşlikde maglumat berilýär.
Täze okuw ýylyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmen maksatnamasy boýunça 4 hünär, bakalawr maksatnamasy boýunça 5, magistr maksatnamasy boýunça 4 taýýarlyk ugry açylar. Has takygy, ulag pudagynyň ösmegi bilen bagly täze hünärmenlere döreýän islegleri kanagatlandyrmak üçin, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hünärmen bilim maksatnamasy boýunça «Demir ýol ulaglarynda ýükleri daşamagy guramak», «Demir ýol ulagynyň gatnawyny awtomatlaşdyrmak we habardar etmek» hünärleri açylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň ylmy barlaglaryň depginini ýokarlandyrmak, «emeli aňy» düýpli we netijeli öwrenmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alyp, şeýle hem IT — maglumat tehnologiýalary, «emeli aň» we blokçeýn tehnologiýalary boýunça okuw maksatnamalaryny işläp taýýarlamak, ýaşlary we hünärmenleri bu ugurdaky başarnyklaryny ösdürmäge höweslendirmek baradaky maslahatlaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, hünärmen maksatnamasy boýunça Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda «Emeli aň ulgamlary we maglumatlary seljermek», Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Maglumaty dolandyryş ulgamlary» hünärleri, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda magistr maksatnamasy boýunça «Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary» taýýarlyk ugry döredilýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýet pudagyny döwrebap hünärmenler bilen üpjün etmek üçin Türkmen döwlet maliýe institutynda magistr maksatnamasy boýunça «Bank işi we maliýe», «Salgyt menejmenti», «Buhgalterçilik hasaba alnyşy, analiz we audit» taýýarlyk ugurlaryna, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda bakalawr maksatnamasy boýunça «Ykdysadyýet we maglumatlaryň analizi», «Halkara maliýe», «Ykdysadyýet we statistika», «Maliýe we karz» taýýarlyk ugurlaryna ýaşlar okuwa kabul ediler. «Ýaşyl» energetika we howanyň üýtgemegi bilen bagly maksatnamalary goldamak maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda bakalawr maksatnamasy boýunça täze açylýan «Energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar we energetiki menejment» taýýarlyk ugrunda hem okamaga isleg bildirjekler köp bolar.
«THE ASHGABAT TIMES».