Dark
Light
03.01.2026
deniz forum 2 THE ASHGABAT TIMES

Deňiz geçelgesi – ösüş köprüsi

25.07.2025

Bilermenleriň bellemegine görä, dünýä daşary söwdasynda ýük gatnawynyň 80 göterimi deňiz ulagyna degişli. Çünki bürünç asyryndan häzirki güne çenli deňiz ulagy adamlary we ýükleri daşamagyň iň gadymy, iň amatly, iň howpsuz görnüşi hasaplanýar. Bu hakda söz açmak bilen, şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ähmiýetine ünsi çekmek isleýäris.

Suw ulaglarynyň Ýer ýüzüniň dörtden üç böleginde hereket etmäge ukyplydygy, dünýä döwletleriniň 120-siniň deňze çykalgasynyň bardygy bu ugurda giň halkara mümkinçilikleri döredýär. Şoňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça her 10 ýyldan bir gezek guraýan nobatdaky maslahaty bu babatda ygtybarly gatnaşyklary ýola goýmaga, bar bolan meselelere ünsi çekmäge, anyk çözgütleri kabul etmäge ýardam berer.

Maslahat dünýä ilatynyň 7 göterimine golaýyny emele getirýän we 32 ýurtda ýaşaýan 570 milliondan gowrak ilatyň geljegi bilen gönüden-göni baglanyşykly örän möhüm duşuşyk bolmak bilen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň mümkinçiliklerini herekete getirip, oňyn hyzmatdaşlygy ilerletmegi maksat edinýär. 32 ýurduň 16-synyň Afrikada, 12-siniň Aziýada, 2-siniň Latyn Amerikasynda, 2-siniň Merkezi we Gündogar Ýewropada ýerleşýändigi bolsa ony bütindünýä ähmiýetli syýasy çärä öwürýär. Forumda innowasion çözgütleriň öňe sürülmeginiň, strategik hyzmatdaşlygyň ilerledilip, maýa goýumlaryň artdyrylmagynyň bar bolan meseleleri çözmäge, täze mümkinçilikleri açmaga ýardam etjekdigi şübhesizdir.

Meýlis GARADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

awaza forumm 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Deňze çykmak – ykdysady öňe gidişlik

hazar port THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Deňiz derwezesi – halkara hyzmatdaşlygyň ýoly

Soňkylar Makalalar

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025
Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
GitTop