awaz haz THE ASHGABAT TIMES

Deňiz – ykdysady mümkinçilikleriň açary

18.07.2025

Hazaryň türkmen kenary bu gün ýene-de taryhy wakanyň öňüsyrasynda dur. Awazada guraljak Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna barha ýakynlaşýarys. Öňde duran forum baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen utgaşýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna aýratyn ýaraşyk, taryhy dereje berer. Munuň özi türkmen diplomatiýasynyň nobatdaky ajaýyp üstünligine öwrüler.

Bütindünýä Söwda Guramasynyň maglumatlaryna görä, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň söwda çykdajylary, kenarýaka ýurtlaryňka garanyňda, iki esse ýokarydyr. Şeýle ýetmezçilikleriň aradan aýrylmagy bu ugurdaky işleriň täze nusgalaryny, maýa goýumlaryň möçberiniň artdyrylmagyny, durnukly we bäsdeşlige ukyply üstaşyr ulag ulgamyny döretmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagy hem-de olary maliýeleşdirmegi talap edýär. Bu talaplar Durnukly ösüş maksatlarynyň giň ugurlary bilen eriş-argaç baglanyşýar. Şoňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça her 10 ýyldan bir gezek guraýan nobatdaky maslahaty bu babatda ygtybarly gatnaşyklary ýola goýmaga, bar bolan meselelere ünsi çekmäge, anyk çözgütleri kabul etmäge ýardam berer.

Maslahat dünýä ilatynyň 7 göterimine golaýyny emele getirýän we 32 ýurtda ýaşaýan 570 milliondan gowrak ilatyň geljegi bilen gönüden-göni baglanyşykly örän möhüm duşuşyk bolmak bilen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň mümkinçiliklerini herekete getirip, oňyn hyzmatdaşlygy ilerletmegi maksat edinýär. 32 ýurduň 16-synyň Afrikada, 12-siniň Aziýada, 2-siniň Latyn Amerikasynda, 2-siniň Merkezi we Gündogar Ýewropada ýerleşýändigi bolsa ony bütindünýä ähmiýetli syýasy çärä öwürýär. Forumda innowasion çözgütleriň öňe sürülmeginiň, strategik hyzmatdaşlygyň ilerledilip, maýa goýumlaryň artdyrylmagynyň bar bolan meseleleri çözmäge, täze mümkinçilikleri açmaga ýardam etjekdigi şübhesizdir. Şunda söwdanyň ýeňilleşdirilmegini, infrastrukturanyň ösüşini, ykdysady köpugurlylygy üpjün etmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny artdyrmak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly ugurlara aýratyn orun degişlidir.

Nurmuhammet ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
awaza taze THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hazaryň türkmen kenarynda

halk maslahat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Halk Maslahaty – döwletli işlere badalga

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop