Dark
Light
28.01.2026
hazar denzi foto THE ASHGABAT TIMES

Deňze çykalga – ykdysady öňegidişlik

10.07.2025

Häzirki wagtda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, bu gurama bilen hyzmatdaşlykda ýokary derejeli forumy guramaçylykly geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny we ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, 8-nji iýulda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçirmek babatda ylalaşmalar hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň we BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatimanyň gatnaşmagynda degişli Ylalaşyga gol çekilmegi bu halkara çäräniň uly ähmiýetini görkezýär. Onda bellenilişine görä, halkara forumy ýokary derejede geçirmek üçin guramaçylyk çärelerini ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen başlangyçlar bilen çykyş edýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçiriljek ýokary derejeli halkara çäre şol başlangyçlary mundan beýläk-de ilerletmekde möhüm ädim bolar.

Aýna ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

kitap ylham al THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Kitaphanalar – paýhas öýi

parahat kepderi THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Şöhratly döwrüň täze sahypasy

Soňkylar Makalalar

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Milli terbiýe – asylly ýörelge

25.01.2026
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanylyp,

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu
GitTop