Türkmenistan 2025-nji ýylyň 4–8-nji awgusty aralygynda halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni özünde jemleýän uly möçberli çärä – BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatyna taýýarlyk görýär. Bu möhüm forumyň geçiriljek ýeri hökmünde Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň saýlanylmagy, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde tutýan ornunyň, parahatçylyk, ösüş we ynanyşmak ýörelgelerine ygrarlylygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Bu halkara maslahaty diňe bir döwlet derejesindäki çäre bolman, eýsem dünýäniň ösüş ýolunda ýeten derejesini, çözülmeli meselelerini we öňde duran mümkinçiliklerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak üçin döredilen giň meýdança bolup çykyş edýär. BMG-niň öňdebaryjy agzalarynyň gatnaşmagynda geçiriljek bu forum häzirki zaman dünýäsiniň kynçylyklaryna çözgüt gözlemekde möhüm ädimleriň biridir.
Türkmenistan tarapyndan ýokary derejede guralýan bu çäre – 32 döwletiň ýolbaşçylarynyň, BMG-niň agza döwletleriniň, halkara guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de hususy pudagyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýan giň gerimli maslahat bolup durýar. Şeýle giň gatnaşyk bu forumyň halkara derejesindäki ähmiýetini has-da güýçlendirýär.
Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy häzirki wagtda diňe bir syýahatçylyk merkezi bolmak bilen çäklenmän, eýsem halkara derejesindäki möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýan ýerlerine öwrüldi. Bu ýerde ýokary derejeli maslahatlaryň, ykdysady forumlaryň, medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegi onuň häzirki zaman düzümleriniň, halkara çäreleriň ýokary derejede gurnalmagyna mümkinçilik döredýändigini görkezýär.
2025-nji ýylda geçiriljek bu halkara maslahatyň «Awaza» ýaly möhüm ýerde guralmagy, onuň diňe bir myhmansöýerlik däl, eýsem hyzmatdaşlygy pugtalandyrýan meýdança hökmünde hem halkara derejesindäki abraýyny ýokarlandyrýar. Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda oýnaýan parahatçylyk döredijilikli orny bilen baglylykda bu ýer diňe bir duşuşyk meýdançasy bolman, eýsem hyzmatdaşlygyň, ösüşiň we ösüşe bolan ynamyň merkezine öwrülýär.
Forumyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde parlamentleriň orny aýratyn bellenilýär. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda parlamentleriň ösüş strategiýalarynyň amala aşyrylmagynda, söwda kadalarynyň ýönekeýleşdirilmeginde, halkara hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň döredilmeginde oýnaýan roly örän uludyr.
Türkmenistan hem öz parlament binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berýär. Mysal üçin, halkara kadalara laýyk gelýän kanunlaryň kabul edilmegi we olaryň halkara hyzmatdaşlyk bilen utgaşdyrylmagy ýurdumyzda daşary ýurt bilen hyzmatdaşlygyň üstünlikli ýola goýulmagyna mümkinçilik döredýär.
2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Şeýle hem şol ýyl BMG tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu iki uly waka bilen gabat gelýän halkara maslahatynyň Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginde tutýan ornunyň beýanydygyny aýdyp bolar.
Türkmenistan bu forum arkaly halkara jemgyýetçiligine giň mümkinçilikleri hödürleýär. Ýurduň durnukly ösüş, açyklyk, bitaraplyk ýörelgeleri onuň halkara guramalar bilen gatnaşyklarynyň pugta esaslaryny düzýär.
Awaza 2025 halkara maslahaty diňe bir ösüş maksatlarynyň kesgitlenmegi däl, eýsem hyzmatdaşlygyň täze tapgyrlarynyň başlanmagyna ýol açýan möhüm çärä öwrüler. Ýurduň halkara derejesindäki abraýynyň artmagyna, sebitdäki we global hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, ynanyşmagyň pugtalanmagyna bu forum uly itergi berer.
Maslahatyň dowamynda öňe sürülýän teklipler, başlangyçlar we pikirler diňe bir çäklendirilen döwür üçin däl, eýsem uzak möhletleýin ösüş strategiýalary üçin ygtybarly esas bolup hyzmat eder. Türkmenistan üçin bolsa bu çäre halkara giňişliginde täze sepgitleriň başlanýandygyny aňladýar.
Awaza – ösüşe, hyzmatdaşlyga we ynanyşmaga gönükdirilen geljegiň merkezi hökmünde häzirki zaman taryhynda mynasyp ornuny eýeleýär. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň bu ýerde ýygnanmagy bolsa dünýä halklarynyň arasynda birek-birege bolan hormatyň, düşünmegiň we goldawyň dabaralanmasydyr.
Baýramowa Täzegül
Türkmen döwlet maliýe
institutynyň mugallymy