Dark
Light
25.01.2026
awaza sport toplumy THE ASHGABAT TIMES

Dostluk ýollary Awaza uzaýar

18.07.2025

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzda dürli ugurlara degişli halkara maslahatlar, forumlar, Parlamentara duşuşyklar geçirilýär. Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçiriler. 

Häzirki wagtda ata Watanymyzyň dünýäde ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýan, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidýän ýurtdugyny ýene bir gezek äleme äşgär etjek halkara maslahata taýýarlyk işleri döwletimiz tarapyndan iň ýokary derejede üns merkezinde saklanylýar. Hazaryň türkmen kenaryndaky jenneti künjekde geçiriljek forumyň hemmetaraplaýyn nusgalyk derejede bolmagy üçin ähli tagallalar edilýär. Muňa biz ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljermek maksady bilen welaýatymyza bolan iş saparynyň barşynda hem bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirdik.

Maslahatyň çäklerinde Zenanlar, Ýaşlar forumynyň hem geçirilmegi göz öňüne tutulýar. Häzirki wagtda bu uly halkara maslahata guramaçylykly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýle uly ähmiýetli halkara maslahatyň geçirilmegi ata Watanymyzda ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, birnäçe halkara ylalaşyklary gazanmaga giň ýol açýar. Goý, ýurdumyzy beýik ösüşler bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli döwletli tutumlary elmydama rowaç, halkymyz agzybir hem bagtyýar bolsun!

Gadam SEÝLIÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Pedagogika fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

azerbaijan and turkmenistan join united nations e cmr protocol 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan – Azerbaýjan: dostlukly gatnaşyklar pugtalandyrylýar

awaza taze THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hazaryň türkmen kenarynda

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop