Dark
Light
27.12.2025
awaza forum THE ASHGABAT TIMES

Dostlukly hyzmatdaşlygyň «deňiz derwezesi»

16.07.2025

2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde bu maslahatyň ýurdumyzda geçirilmegi bilen bagly degişli Kararnamanyň kabul edilmegi we bu möhüm resminama 57 sany döwletiň bilelikde awtordaş bolup çykyş etmegi, ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlaryň halkara derejede goldanylýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şeýle-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormatlamaga we deňhukuklylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga esaslanýan Bitaraplyk syýasatymyzyň ýene bir gezek dabaralanmasydyr.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysadyýet, söwda, senagat, ulag, energetika, maýa goýum, howpsuzlyk, ýokary tehnologiýalar, ekologiýa bilen baglanyşykly meseleleri forumyň gün tertibine giriziler. Ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesinde bu döwletleriň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmak, sebitara we halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmek göz öňünde tutulýar. Çünki deňze göni çykalgasy bolmadyk ýurtlar söwdada, aragatnaşykda we ösüşde üstaşyr geçiriji ýurtlara garaşly bolýarlar. Bu bolsa söwda çykdajylarynyň artmagyna getirýär, harytlaryň daşalyşy möhlet taýdan gijikmelere sezewar bolýar. Deňiz kenarynyň we öz gämisiniň bolmazlygy bu ýurtlaryň söwda hem-de gümrük çykdajylarynyň artmagyny şertlendirýär. 

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesinde halkara maslahaty geçirilipdi. Şonda hormatly Prezidentimiz deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň global ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki ornuny ýokarlandyrmak bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyny işläp taýýarlamak babatda möhüm başlangyçlary öňe sürüpdi. Ýeri gelende, www.lldc3.gov.tm saýtynyň hem hereket edýändigini okyjylara ýatlatsak ýerlikli bolar. Bu ýerde ýurdumyz barada we BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahat dogrusynda türkmen, iňlis we rus dillerinde giňişleýin tanyşmak mümkin.

Tumar BAKYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

deniz forum THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Deňze çykalga – ykdysady integrasiýanyň bähbidine

awaz2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Awaza: halkara forumlarynyň merkezi

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop