Dark
Light
26.12.2025
deniz bas surat THE ASHGABAT TIMES

Geografik aýratynlygy mümkinçiliklere öwrüp…

15.07.2025

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji aprelinde Baş Assambleýanyň «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamasy kabul edilip, oňa laýyklykda, bu wekilçilikli çäräni Türkmenistanda guramak baradaky çözgüt goldanylypdy.

Halkara forum deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan, az ösen we kiçi ada ýurtlarynyň, sebit hem-de halkara guramalaryň, iri kompaniýalaryň dürli derejeli wekillerini bir ýere jemlär. Onuň gün tertibine laýyklykda, häzirki zaman döwletara we halkara gatnaşyklarynda ileri tutulýan ugurlar — ykdysadyýet, söwda, senagat, ulag, energetika, maýa goýum, howpsuzlyk, ýokary tehnologiýalar, ekologiýa bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Onuň esasy maksady bolsa deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmaga, sebitara we halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda döwletleriň ykdysadyýeti döwrüň üýtgäp durýan ýagdaýlarynyň täsirine düşmek bilen, ählumumy derejede özgermäge mejbur bolýar. Emma käbir ýurtlar ösüşiň şeýle özgermelerine we üýtgeşmelerine taýýar däldirler. Aýdaly, olaryň geografik taýdan ýerleşişi halkara bazarlara bökdençsiz çykmaga, şeýdibem, bäsdeşlige ukyply bolmaga mümkinçilik bermeýär. Muňa garamazdan, käbir ýurtlarda doly peýdalanylmadyk ýa-da indi peýdalanylyp başlanan birnäçe uly mümkinçilikler bar. Türkmenistan geoykdysadyýetde şeýle deňsizligi aradan aýyrmak ugrunda çykyş edýär.

Dünýäde 32 sany ýurt deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hasaplanýar. Türkmenistan ösüşiň örän möhüm wezipelerini oýlanyşykly hereketler, paýhasly garaýyşlar hem-de öňdengörüjilikli çemeleşmeler arkaly bilelikde çözmäge taýýardyr. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak barada beýan eden başlangyjy hem, ilkinji nobatda, ösýän ýurtlary ählitaraplaýyn goldamaga gönükdirilendir. Milli Liderimiz üçünji Antalýa diplomatiýa forumynda bu Strategiýada ösýän ýurtlaryň örän aýdyň we täsirli ornuny görýändigini aýtdy. Häzir şol ýurtlaryň syýasy-ykdysady orny hem-de ähmiýeti barha artýar. Mysal üçin, Günorta Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň gazanýan ykdysady, ylmy-tehnologik ösüşleri haýran galdyrýar. Türkmenistan bu sebitleriň ýurtlary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär. Ýewropanyň, Aziýanyň täze energetika bazarlarynyň, ulag-aragatnaşyk geçelgeleriniň, olaryň howpsuzlygynyň häzirki döwrüň şertlerine we talaplaryna laýyk gelýän täze ulgamyny döretmek meselelerine aýratyn üns berilmegi-de şol giň gerimli hyzmatdaşlygyň netijesidir.

Aýman ERKÄÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

talyplyk bosagasy THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Talyplyga dalaşgärlerden resminamalar kabul edilip başlandy

caga bilim dunya THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Lebapda çagalar bagy gije-gündizleýin hyzmat edýär

Soňkylar Makalalar

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Ýaşlar – döwletimiziň kuwwatly güýji

25.12.2025
Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur
GitTop