Dark
Light
24.01.2026
telekeci uniwers THE ASHGABAT TIMES

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde näçe talyp bilim alar?!

01.07.2025

Hormatly Prezidentimiz 27-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda» Permana hem-de täze uniwersitetiň ýolbaşçy düzümini bellemek bilen bagly resminamalara gol çekdi.

Şeýlelikde, «Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda» Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň karary makullanyldy. Bu çözgüt ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda telekeçilik we işewürlik ulgamyna goldaw bermek maksady bilen kabul edildi.

Maglumat hökmünde belläp geçsek, jemi 2500 talyba bilim bermäge niýetlenen täze ýokary okuw mekdebi umumylykda 8 gektara barabar meýdany eýeleýär. Onuň çäginde 9 gatly esasy bina we 6 gatly okuw binalarynyň 4-si, hersi 300 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýlarynyň 2-si, kitaphana, naharhana, ýapyk we açyk sport desgalary, 800 orunlyk mejlisler zaly we beýleki kömekçi desgalar guruldy. Ýokary okuw mekdebinde döwrebap okuw otaglarydyr tejribehanalar, internete birikdirilen kompýuter, lingafon otaglary bolup, olar dünýä ülňülerine laýyklykda enjamlaşdyryldy. Bu ýerde nazary bilimleri berkitmekde, bilimiň, ylmyň we önümçiligiň arabaglanyşygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe boljak 40-dan gowrak tejribehana hereket eder.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

single use ai bing THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dünýäniň iň täze tehnologiýasy

myunhen THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Mýunhenden iki medal!

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop