Şu ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasy «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamany kabul edip, oňa laýyklykda, bu wekilçilikli çäräni Türkmenistanda guramak baradaky çözgüt goldanyldy. «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly mowzugy astynda geçiriljek bu iri halkara foruma näderejede uly ähmiýet berilýändigine hormatly Prezidentimiziň maý aýynda Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda hem şaýat bolduk.
Şu ýylyň 4-nji iýulynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bolsa hormatly Prezidentimiz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda Karara gol çekdi. Ýeri gelende bellesek, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde dürli forumlary, şol sanda parlamentara forumy geçirilmek hem meýilleşdirilýär. Halkara maslahatyň resmi internet saýtynyň (lldc3.gov.tm) işe girizilendigini-de bellemelidiris.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýaňy-ýakynda Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda, awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek iri maslahatyň guramaçylyk işlerini seljerip, Hazaryň kenarynda meýilleşdirilen bu iri halkara çärä taýýarlyk görlüşiniň derejesi we bu babatda amala aşyrylýan taslamalar bilen tanyşdy. Bu ýerde halkara forum bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň çäklerinde toplumyň abadanlaşdyrylyşyna we enjamlaşdyrylyşyna, onuň bölümlerinde döredilýän şertlere degişli taslamalaryň, çyzgylaryň görkezilmegi, toplumyň binalarynyň aýratynlyklary, çäräniň çäklerinde göz öňünde tutulýan duşuşyklaryň, degişli ugurlar boýunça bölümçelerdäki maslahatlaryň geçiriljek otaglarynda döredilen mümkinçilikler barada maglumat berilmegi Türkmenistan üçin bu maslahatyň aýratyn ähmiýete eýedigini görkezýär. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň bu ýerde alnyp barylýan hiç bir işi gözden salman, olaryň her biri barada berýän gymmatly maslahatlary-da subut edýär.
Ahmet AGANIÝAZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.