Dark
Light
26.01.2026
awaza taze THE ASHGABAT TIMES

Hazaryň türkmen kenarynda

18.07.2025

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän milli hem-de halkara derejeli çärelere, maslahatlara ählihalk derejesinde taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek barada taryhy Karara gol çekmegi hem ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli syýasatynyň özboluşly dabaralanmasydyr. 

Soňky ýyllarda Türkmenistan dürli ugurlar boýunça giň möçberli forumlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Olaryň guramaçylyk we taýýarlyk işleri örän ýokary derejede alnyp barylýar. Bu köpýyllyk tejribäniň netijesidir. Awazada 2022-nji ýylyň awgustynda-da Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat üstünlikli geçirilipdi. «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly mowzukda şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilýän forum bolsa BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler babatda her 10 ýyldan bir gezek guraýan maslahatlarynyň üçünjisidir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan oňa ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurt dillerini bilýän talyplaryndan meýletinçiler taýýarlanylýar. Forum birnäçe möhüm çäreleri öz içine alar. Maslahata Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Munuň özi bilelikdäki tagallalary talap edýän ugurlar boýunça ýurdumyzyň başlangyçlaryna uly hormat bilen garalýandygyny görkezýär.

Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda bu forumy ýokary guramaçylykly geçirmek bilen bagly beren tabşyryklary onuň taýýarlyk işlerinde möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu halkara forum deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmaga, sebitara we halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam eder. Şeýle möhüm ähmiýetli halkara forumlarda Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar häzirki zamanyň derwaýys meseleleri boýunça halkara derejede alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ilerlemegine, gyzyklanýan taraplaryň arasynda gatnaşyklary guramakda täzeçil, netijeli çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga itergi berýär, halkara guramalaryň we döwletleriň gatnaşmagynda ählumumy we sebitleýin hyzmatdaşlygyň amala aşyrylmagyny üpjün edýär. 

Jahantäç GURBANGYLYJOWA,
Aýläle HEMRANAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyplary.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

awaza sport toplumy THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dostluk ýollary Awaza uzaýar

awaz haz THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Deňiz – ykdysady mümkinçilikleriň açary

Soňkylar Makalalar

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty

23.01.2026
Häzirki wagtda deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetlilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Şunda hemişelik Bitaraplygymyzyň
GitTop