Dark
Light
25.01.2026
awaz wpb THE ASHGABAT TIMES

Hazaryň türkmen kenarynda hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

17.07.2025

Hazaryň türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň 4-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Karara gol çekmegi we bu iri forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada tabşyryklary bermegi bu halkara forumyň ýokary derejede geçiriljekdigine şaýatlyk edýär.

Deňze çykalgasy bolmadyk döwletler öz harytlaryny dünýä bazarlaryna çykarmak üçin kenarýaka döwletlere garaňda has köp çykdajy etmeli bolýarlar. Harytlaryň daşarky bazarlara ugradylmagy we getirilmegi hem uzak wagt talap edýär. Şu nukdaýnazardan, bu forumyň ähmiýeti örän uludyr. Bu halkara maslahat on ýyldan bir gezek geçirilýär.

Maglumat hökmünde belläp geçsek, dünýä ýurtlarynyň 32-si deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hasaplanýar. Olar, esasan, üç yklymda ― Afrikada, Ýewraziýada we Günorta Amerikada ýerleşýär. Şoňa görä-de, halkara hukugyndan ugur alnyp kabul edilen BMG-niň Deňiz kanuny baradaky Konwensiýasynyň onunjy bölümi islendik ýurduň deňze çykmagyny kepillendirýär. Şunda deňizdäki ähli içerki yklymyň gämileriniň beýleki gämiler bilen deň hukuklara eýedigi bellenilip, üstaşyr gatnawyna rugsat berýän ýörite döwletara şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berilýär. Halkara kadalara ygrarly bolmak bilen, ýurdumyz ulag ulgamynda netijeli iş alyp barýan halkara guramalaryň biri bolan Halkara Deňiz Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamyny ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun!

Ogulnar ORAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

awaza forum 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Meýletinçi-ýardamçylar BMG-niň Awaza forumyna taýýarlanýar

awaza gun THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Awaza forumy – strategik platforma

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop