2025-nji ýylyň 11-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny kabil edildi.
Bellenilişi ýaly, bu ýubileý medal bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny hem-de halkara parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarynda gazanan üstünliklerine mynasyp goşantlaryny goşan adamlar sylaglanar.
Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hakynda Düzgünnama, medalyň Ýazgysy hem-de medalyň plankasynyň Ýazgysy tassyklanyldy.
«THE ASHGABAT TIMES».