Dark
Light
03.01.2026
awaza for taze THE ASHGABAT TIMES

Hyzmatdaşlyk arkaly ählumumy ösüşe goşant goşup

24.07.2025

Parahatçylyk söýüjilik we oňyn Bitaraplyk Garaşsyz Türkmenistanyň döredijilikli daşary syýasat strategiýasynyň binýadyny düzýär. Ýurdumyz ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän anyk teklipleri öňe sürüp, olary iş ýüzünde durmuşa geçirmekde yzygiderli ädimleri ädýär. Şunda döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik häsiýete eýe bolan köpugurly gatnaşyklary aýratyn orny eýeleýär. Şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahat hem berkarar Watanymyzyň bu guramanyň ileri tutýan wezipelerini çözmäge, şol sanda Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga ygrarlydygyny nobatdaky gezek aýdyň subut eder.

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň şu ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen 63-nji plenar mejlisinde bu maslahatyň ýurdumyzda geçirilmegi bilen bagly degişli Kararnama kabul edildi. 4-nji iýulda bolsa hormatly Prezidentimiz «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekdi. Mundan başga-da, Karary ýerine ýetirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçirmek babatda ylalaşmalar hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Gahryman Arkadagymyz bu wekilçilikli forumyň oňa gatnaşýan ýurtlar üçin ähmiýetli çärä öwrülmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belläp, onuň guramaçylyk-taýýarlyk meselelerini aýratyn gözegçilikde saklaýar. Milli Liderimiziň şu ýylyň başyndan bäri birnäçe gezek Balkan welaýatynda iş saparynda bolup, maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen ýerinde tanyşmagy-da muňa doly şaýatlyk edýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler babatda her 10 ýyldan bir gezek guraýan maslahatlarynyň üçünjisi bolan Awaza forumy häzirki geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlaryň üýtgäp duran şertlerinde deňiz terminallaryna göni çykalgasy bolmadyk ýurtlarda durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly anyk ugurlary kesgitlemäge mümkinçilik berer. Nobatdaky maslahat üçin saýlanyp alnan «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly mowzuk hem onuň esasy mazmunyny özünde jemleýär. Aslynda, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda ýakyn-u-alysdaky döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmek arkaly ählumumy derejede parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine goşant goşmak esasy maksat bolup durýar. Dostluk deňzi hökmünde ykrar edilýän Hazaryň türkmen kenarynda guraljak wekilçilikli forum hem şu maksada ýetmekde ädilen anyk ädimleriň biri bolar.

Güljennet HYDYROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

awaza surat THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Möhüm çözgütler, täzeçil teklipler

hazar 1 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ösüp barýan ýurtlaryň hususy pudagynyň forumy geçiriler

Soňkylar Makalalar

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025
Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
GitTop