Kitap — geçmiş pederler bilen täze nesilleriň ilçisi, kitaphana bolsa olaryň hemişelik duşuşyk ýeri. Şonuň üçin-de her bir täze kitabyň neşir edilmegi ýa kitaphananyň açylmagy özboluşly baýramçylyga öwrülýär. Şu jähetden, Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 24-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň kitaphana işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» tassyklamak hakynda Karara gol çekmegi biz — kitaphana işgärleriniň buýsanjyny goşalandyrdy.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Kitaphanalar — paýhas öýi. Durmuşyň ähli ugurlaryna degişli edebi-çeper, taryhy we ylmy kitaplary bu ýerde aňsatlyk bilen tapyp bolýar. Dürli dünýä dilleri, alys we ýakyn ýurtlaryň wekilleri, olaryň pikir-garaýyşlary, aýdan sözleri, döreden eserleri bilen tanşyp bolýar» diýip belleýär. Dogrudan-da, kitaphanalar — paýhas öýi, ruhy kämilligiň merkezi. Kitaplar dünýäsine aralaşmak bilen, biz ruhy kämillige, aň ösüşine ymtylýarys. Ýurdumyzyň kitaphanalary umumy elýeterli bilim çeşmeleri we özbaşdak bilim almagyň esasy binýady bolup durýar. Olar jemgyýetiň günsaýyn artýan ruhy islegini kanagatlandyrmak bilen köpçüligiň medeni derejesini ýokarlandyrmakda möhüm orun eýeleýär. Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň kitaplary halkymyzyň röwşen geljegine alyp barýan milli gymmatlyklarymyzy we parasatly garaýyşlary özünde jemleýän ýol çelgilerdir.
Biziň baş maksadymyz — ýaş nesillerimiziň kitaba bolan söýgüsini artdyrmak we olarda kiçilikden kitaphana gatnamak endigini kemala getirmek. Çünki paýhasly pederlerimiziň aýdyşy ýaly, kitap geçeni, geljegi öwredýän danadyr. Goý, halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary rowaç bolsun!
Gülendam HUDAÝKULOWA,
Köýtendag etrabynyň Dostluk şäher kitaphanasynyň redaktory.