Dark
Light
28.01.2026
awaza forum THE ASHGABAT TIMES

Köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze sahypasy

08.07.2025

Mälim bolşy ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 11-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnama kabul edildi. Oňa laýyklykda, bu wekilçilikli çäräni Türkmenistanda geçirmek boýunça çözgüt Milletler Bileleşigine agza ýurtlar tarapyndan biragyzdan goldanyldy.

Şu ýylyň 4-nji iýulynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda Karara gol çekip, bu iri forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň maýynda Balkan welaýatyna iş saparynyň çäginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolup, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC-3) geçiriljek ýerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy, Ministrler Kabinetiniň şu meselä bagyşlanan giňişleýin göçme mejlisini geçirmegi iri foruma görülýän taýýarlygyň çäklerinde möhüm ähmiýete eýe boldy. Döwlet Baştutanymyz Hökümet mejlisinde maslahatyň hem-de onuň bilen bagly ugurdaş çäreleriň guramaçylyk meselesine iňňän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy.

Şeýlelikde, birek-birege düşünişmek, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uludyr. Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatyna dostlukly ýagdaýda pikir alyşmak, onuň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan wajyp ugurlaryny kesgitlemek üçin açyk dialog platformasy — deňhukukly gepleşikler meýdançasy hökmünde garaýar.

Gülşat ÝOLDAŞOWA,
TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniñ statisti.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bass2222 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Amerikan aýdymçysy Jessika Lin: «Aşgabat bizi mähirli garşy aldy»

tramp THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampa gynanç bildirdi

Soňkylar Makalalar

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Milli terbiýe – asylly ýörelge

25.01.2026
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanylyp,

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu
GitTop