Dark
Light
03.01.2026
awaza gummez THE ASHGABAT TIMES

Köpugurly tagallalara ýokary baha

26.07.2025

Döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik häsiýete eýe bolan köpugurly gatnaşyklary aýratyn orny eýeleýär. Şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahat hem berkarar Watanymyzyň bu guramanyň ileri tutýan wezipelerini çözmäge, şol sanda Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga ygrarlydygyny nobatdaky gezek aýdyň subut eder.

Eýsem, «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly mowzuk esasynda guraljak şeýle iri forumyň ýurdumyzda geçirilmeginiň hikmeti nämede? Munuň özi Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda soňky üç onýyllykdan gowrak döwürde toplan baý tejribesine, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki köpugurly tagallalaryna berilýän ýokary baha bilen baglydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi bolsa ýurdumyzy netijeli dialogyň, oňyn gepleşikleriň täsirli meýdançasyna öwürýär. Türkmen döwletiniň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň arasynda okgunly durmuş-ykdysady ösüşleri, giň mümkinçilikleri, döwrebap düzümleri bilen öňdebaryjylaryň hataryndadygyny hem nygtan ýagşy.

Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi. Şol gadymy ýoluň häzirki döwrüň ruhunda täzeden gurulmagyna mynasyp goşantly döwlet. Dünýäniň möhüm-müşgil meseleleriniň çözgüdinde öz sesi, öz sözi bolan, ulag ulgamyna degişli wajyp Kararnamalaryň ençemesiniň kabul edilmeginiň başynda duran, Demirgazykdan Günorta, Gündogardan Günbatara ýurtlary, yklymlary birleşdirýän iri ulag taslamalaryny amala aşyran we aşyrýan döwlet. Ýurdumyzyň bu ugurdaky tagallalary deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady ösüşine hem saldamly goşant goşýar.

Hazaryň türkmen kenarynda döredilen, kaşaň myhmanhanalaryň, deňli-derejeli desgalaryň onlarçasyny öz içine alýan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň şeýle wekilçilikli forumy kabul etmäge dahylly ähli şertlerdir talaplara birkemsiz hötde gelýändigini-de bu esaslaryň hatarynda bellemek gerek. Jemläp aýdylanda bolsa, bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň köpjähetli yhlasynyň, tutanýerli tagallalarynyň miwesidir.

Gadam BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

awaza wbp THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Awaza taryhy maslahatyň bosagasynda

awaza emblem THE ASHGABAT TIMES
Next Story

BMG-niň Awaza forumy: ählumumy tagallalary birleşdirip

Soňkylar Makalalar

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025
Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
GitTop