Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda Maksat Kowusowiç Annanepesow Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden hem-de Begençmyrat Sapargeldiýewiç Orazow Mary welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Durdy Meýmanowiç Genjiýew şol bir wagtda Lebap welaýatynyň häkimi wezipesine, Döwranberdi Orazberdiýewiç Annaberdiýew bolsa Mary welaýatynyň häkimi wezipesine bellenildi.
«THE ASHGABAT TIMES».