Dark
Light
25.01.2026
awaza forum 2 THE ASHGABAT TIMES

Meýletinçi-ýardamçylar BMG-niň Awaza forumyna taýýarlanýar

17.07.2025

Baý tejribäniň, amaly hünär endikleriniň kämilligiňi artdyrýandygy düşnüklidir. Şu jähetden, ýurdumyzda halkara forumlar, iri sport ýaryşlary, bilim olimpiadalary geçirilende meýletinçi ýaşlaryň hem taýýarlanylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşyjylary myhmansöýerligiň milli däplerine laýyklykda garşy almak we çäreleri ýokary derejede geçirmäge ýardam bermek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini bilýän talyplardan meýletinçiler taýýarlanylýar.

Şunuň bilen baglylykda, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryndan ybarat iş topary döredilip, topar tarapyndan daşary ýurt dillerini bilýän talyplaryň arasyndan meýletinçiler we terjimeçiler saýlanyldy. Ýeri gelende bellesek, maslahatyň çäklerinde meýilleşdirilýän çäreleri guramaçylykly geçirmek, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden wagyz etmek üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan ýaşlar hem netijeli iş alyp bararlar.

Meýletinçilere dil taýýarlygy, protokol kadalary boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň okuw maksatnamasy, biz – ýaş habarçylardyr wagyzçylar bilen bolsa halkara çäreleri beýan etmek üçin taýýarlanylan meýilnama boýunça okuw sapaklary üstünlikli geçirildi. Şeýlelikde, biz – ýaş meýletinçi-wagyzçylar nazaryýetde alan bilimlerimizi, şol sanda öwrenen daşary ýurt dillerimizi tejribe üsti bilen has-da berkideris.

Suraý NAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

talyp bilim yaslar THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Döwrebap hünärler – täze gözýetimler 

awaz wpb THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hazaryň türkmen kenarynda hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop