Dark
Light
28.01.2026
jil THE ASHGABAT TIMES

Milli terbiýe – asylly ýörelge

10.07.2025

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanylyp, bu babatynda degişli işler dowamly durmuşa geçirilýär. Bilim işgärleri üçin döredilýän şeýle giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, biziň çagalar bakja-bagymyzda körpeleriň aň-düşünjeli, edep-terbiýeli, bilimli bolmagy üçin ençeme işler alnyp barylýar.

Körpelere okatmagyň täze usullaryndan ugur alnyp, şeýle hem dürli görkezme esbaplaryndan peýdalanylyp döwrebap bilim berilýär. Çaganyň aňyna çalt täsir etmek maksady bilen olar dürli oýunlaryň üsti bilen sapak geçýärler. Ýurdumyzdaky her bir geçirilýän baýramçylyklarda bolsa, terbiýeçilerimiz körpeleriň gatnaşmagynda baýramçylyk çärelerini yzygiderli guraýarlar. Olaryň irginsiz yhlasy bilen çagalarymyz etrap, welaýat derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde baýrakly orunlary eýelemegi başarýarlar.

Çaga — ynsan durmuşynyň bezegi. Ata Watanymyzda körpe neslimiz aýratyn aladalar bilen gurşalandyr. Paýtagtymyzda «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň hem-de Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň düýbüniň tutulmagy, kitaphanada teleskop arkaly asman giňişligini synlamaga niýetlenen obserwatoriýa otagynyň gurnaljakdygy we kitaphananyň döwrebap sanly tehnologiýalardyr enjamlar bilen üpjün ediljekdigi ýaş nesillerimiz barada edilýän aladalaryň aýdyň nyşanydyr. Şeýle-de ähli döwrebap şertleri bolan çagalar bakja-baglarynyň orta we ýokary okuw mekdepleriniň gurlup ulanmaga berilmegi ýaş nesil baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendiginiň aýdyň güwäsidir.

Gülnabat SARYÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 37-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bitarap 03 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Parahatçylyk we ynanyşmak şuglasy

arkadag sahergg THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Arkadag şäheri – geljegiň şäheri

Soňkylar Makalalar

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Milli terbiýe – asylly ýörelge

25.01.2026
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanylyp,

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu
GitTop