Dark
Light
24.01.2026
awaza surat THE ASHGABAT TIMES

Möhüm çözgütler, täzeçil teklipler

24.07.2025

Bitarap Türkmenistan iri wekilçilikli çäräni — Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyny geçirmäge mümkinçilik aldy. Baş Assambleýanyň degişli Kararnamasyna hem-de hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, bu forum şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralar.

Mälim bolşy ýaly, 9 ýyla golaý wagt ozal paýtagtymyzda BMG-niň durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat geçirilip, ol Garaşsyzlyk ýyllarynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda ýurdumyzda geçirilen ilkinji iri forum bolup taryha giripdi. Abraýly halkara çäreleri üstünlikli geçirmekde baý tejribe toplan Türkmenistanda uludan taýýarlyk görülýän Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahaty bolsa derejesi babatda-da, gerimi babatda-da ozalkylardan has tapawutlanýar.

Awaza forumyna hem-de onuň çäginde guraljak ugurdaş çärelere deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň düzümine girýän 32 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlary, kiçi ada döwletleriniň 47-siniň, az ösen ýurtlaryň 49-synyň ýokary derejeli wekiliýetleri, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary we onuň orunbasarlary, birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, hususy pudagyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşarlar. Maslahat bilen ugurdaşlykda geçiriljek parlamentara forum parlament diplomatiýasyny ilerletmekde möhüm ädim bolsa, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli güni doganlyk halklaryň baý medeniýetini we sungatyny, milli tagamlarynyň aýratynlyklaryny açyp görkezmek üçin meýdança öwrüler.

Şeýlelikde, geografik taýdan özboluşly ýerleşişe eýe bolan deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlarda durnukly ösüşi üpjün etmek meselesi boýunça pikirdeşleri bir ýere jemlejek halkara maslahatyň parahatçylygyň, dost-doganlygyň, hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde Hazaryň türkmen kenarynyň, asyl-ha, tutuş Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da şöhratlandyrjak waka öwrüljekdigi şübhesizdir.

Aýna ÝOLDAŞEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

awaza kenar THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Awaza forumy: geografik özboluşlylygy mümkinçiliklere öwrüp

awaza for taze THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hyzmatdaşlyk arkaly ählumumy ösüşe goşant goşup

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop