myunhen THE ASHGABAT TIMES

Mýunhenden iki medal!

01.07.2025

Paýtagtymyzyň «Altyn Täç» futbol klubunyň wekilleri ýaş derejeleriniň üçüsi boýunça Germaniýanyň Mýunhen şäherinde geçirilen halkara ýaryşa gatnaşyp, onda üstünlikli çykyş etdiler. Dünýäniň çar künjeginden 59 topary özünde jemlän Mýunhen şäheriniň kubogy ugrundaky halkara ýaryşda türkmen futbolçylary kümüş we bürünç medallaryň her haýsyndan birine mynasyp boldular.

2010-njy, 2012-nji we 2015-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşyň iň uly ýaş derejesinde türkmen futbolçylary «C» toparçada ýaryşdylar. Olar Şweýsariýanyň «Sion» we «Therwil» toparlaryny 1:0 hasabynda ýeňip, Berlin şäherine wekilçilik eden topar bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Bu netijeler olaryň toparçada birinji orny eýelemegi üçin ýeterlik boldy. Ýaryşyň tutuş dowamynda diňe çärýek finalda Şweýsariýanyň «Ems» toparyndan 0:1 hasabynda ýeňlen ildeşlerimiz dört topar goşulan 5-nji orun ugrundaky göreşde Şweýsariýanyň «Foot Region Morges» toparyny 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde 3:1, soňra Germaniýanyň «Germania Metternich» toparyny 1:0 hasabynda ýeňip, 16 toparyň arasynda iň güýçlüleriň bäşligine girmegi başardy.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:51 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1027 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
telekeci uniwers THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde näçe talyp bilim alar?!

dasary isler ministrligi THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň ynsanperwer kömegi arkaly 4700-e golaý adam öz ýurtlaryna dolanyp bardy 

Soňkylar Sport

Sport we bedenterbiýe ulgamy

Türkmen sportunyň dabaralanmagy

24.11.2025
Türkmenistanyň sport we bedenterbiýe ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy barada aýdanymyzda, ýurdumyz Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, ýöriteleşdirilen halkara sport birleşikleri bilen gatnaşyklary işjeň ýagdaýda

Futzal boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy

19.11.2025
Paýtagtymyzyň «Köpetdag» futzal topary nobatdaky gezek ýurdumyzyň çempiony boldy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň garamagyndaky topar Naýbaşy liganyň ýakynda tamamlanan möwsüminde geçiren 20 duşuşygynyň 15-sinde
GitTop