Dark
Light
24.01.2026
hazar 1 1 THE ASHGABAT TIMES

Ösüp barýan ýurtlaryň hususy pudagynyň forumy geçiriler

24.07.2025

Şu ýylyň 4 – 8-nji awgustynda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçiler. Foruma 32 döwletiň hem-de BMG-niň gyzyklanma bildirýän beýleki agza ýurtlarynyň döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň iş meýilnamasy açylyş we ýapylyş dabaralaryny hem-de plenar mejlisleri, bäş sany ýokary derejedäki tematik “tegelek stollary” we ýokary derejedäki ýedi sany forumy öz içine alýar. Olaryň hatarynda – Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygy, parlament forumy, hususy pudagyň, raýat jemgyýetiniň we ýaşlar forumlary, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy, şeýle hem arabaglanyşyk boýunça çäre bar. Mundan başga-da, ýerüsti ulag we arabaglanyşyk, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”, ýaşlar syýasaty, durnukly energetika we sirkulýar ykdysadyýet boýunça gatnaşýan döwletler hem-de halkara guramalar we edaralar tarapyndan guraljak degişli çäreler meýilleşdirilýär.

Maslahatyň we ugurdaş çäreleriň geçirilýän binalarynda guraljak tematik sergiler, şol sanda türkmen tarapynyň guramagynda sergiler geçiriler. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleri, medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsert gurnalar. Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan resmi kabul ediş dabarasy geçiriler.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň maslahatynda hökümetlere teklipleri bermäge şeýle hem halkara guramalar we beýleki gyzyklanýan taraplar, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ösüş ugurlary boýunça geljek onýyllygyň ösüş meýilnamasyny kesgitlemek üçin mümkinçilik berýär.

Forumda ýokary derejeli çykyş edýän wekilleriň gatnaşmagyndaky maksatnama, tematik sessiýalar, ugurdaş çäreler, şeýle hem tor we sergi zolaglary göz öňünde tutulýar. Söwda, tehnologiýalar, infrastruktura we maýa goýumlar boýunça çekişmeler hem-de esasy çäreler pes girdejili ýurtlaryň durnukly ösüşini goldamak maksady bilen guralar.

Habib HALMAMEDOW
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary
kafedrasynyň uly mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

awaza for taze THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hyzmatdaşlyk arkaly ählumumy ösüşe goşant goşup

gulun owadan bas THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen milli keçesini taýýarlamak boýunça bäsleşigiň jemi jemlendi

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop