Taryhyň ähli döwürlerinde parahatçylyk we dostluk iň uly gymmatlyk hasaplanypdyr. Türkmen topragy bolsa hemişe parahatçylygyň, ygtybarlylygyň we howpsuzlygyň sebiti hökmünde giňden tanalypdyr. Häzirki wagtda bu taryhy hakykat Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren «Dialog ― parahatçylygyň kepili» atly halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasynda, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan üçünji gezek kabul edilmeginde öz mynasyp beýanyny tapýar.
Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy — parahatçylygy goldamak hem-de ýurtlaryň arasynda parahatçylykly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin özygtyýarly döwletleriň meýletin birleşmegi esasynda döredilen halkara gurama. Parahatçylygy elmydama depesine täç edinen türkmen halky hem BMG bilen köptaraply, oňyn strategik hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şunda 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistany bu abraýly düzüme kabul etmek hakyndaky çözgüdi kabul etmegi täze taryhymyzyň ýyl ýazgysynda şöhratly sahypany açdy. Geçen ýyllarda BMG bilen bilelikde durmuşa geçirilen uly göwrümli taslamalar, ýetilen sepgitler Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginiň derwaýys meselelerine öz wagtynda mynasyp çözgütleri hödürleýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň bähbidine parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusynda belleýşi ýaly, GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN — BÜTIN DÜNÝÄNIŇ HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK WATANY!
Bike ANNAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.