bitarap 03 THE ASHGABAT TIMES

Parahatçylyk we ynanyşmak şuglasy

09.07.2025

Täze taryhy döwürde Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen dostlukly döwletara gatnaşyklara ygrarlydygyny, sebit we ählumumy gün tertibindäki möhüm meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamaga jogapkärli çemeleşýändigini görkezip, netijeli daşary syýasy ugry durmuşa geçirýär. Şunda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi möhüm wakadyr.

Geçen ýyllarda paýtagtymyz Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy we häzirki wagtda bu merkeziň netijeli işleri alyp barmagy, dünýäniň syýasy senenamasynda Halkara Bitaraplyk gününiň esaslandyrylmagy, umumadamzat gymmatlyklaryna daýanýan «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly täze filosofiýa, «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmegi ýurdumyzyň saýlap alan Bitaraplyk syýasatynyň many-mazmunyny açyp görkezýän mysallardyr.

Bulardan başga-da, Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikdäki maksatnamalaryň ençemesi üstünlikli durmuşa geçirilip, şolaryň hatarynda «Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasy», «2025 — 2027-nji ýyllarda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky «Ýol kartasy» ýaly möhüm resminamalar bar. Ýurdumyz BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin agzalygyna hem saýlanyldy. 2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan üçünji gezek kabul edilmegi şu ýylymyzyň taryhy wakalarynyň biri boldy.

Şeýlelikde, milli diplomatiýamyzda gazanylýan üstünlikler bizi has-da buýsandyryp, täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabaralardyr çäreler bolsa ýokary derejede geçirilip, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy uly üstünlikler bilen garşylanylýar. Goý, mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Gülruh TAGAÝNIÝAZOWA,
TDP-niň Köýtendag etrap komitetiniň hojalyk işleri boýunça hünärmeni.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
awaza milli syyahatcylyk zolagy 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bilelikde ykdysady durnuklylyga we ösüşe tarap

jil THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Milli terbiýe – asylly ýörelge

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop