mid azer 2 THE ASHGABAT TIMES

Raşid Meredow Azerbaýjanyň Prezidenti bilen duşuşdy

04.07.2025

2025-nji ýylyň 3-nji iýulynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Söhbetdeşligiň başynda ministr Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýollanan mähirli salamy we iň gowy arzuwlary ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi. Iki ýurduň ösüşine itergi berýän bilelikdäki taslamalaryň ähmiýeti nygtaldy.

Mundan başga-da, söhbetdeşler medeniýet, bilim we beýleki jemgyýetçilik ugurlaryndaky gatnaşyklary berkitmegiň ähmiýetini bellediler. Taraplar iki ýurduň halklarynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ynam bildirdiler.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
human language families updated THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dünýäde Iň Köp Ulanýan Diller

sergi turk THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Stambulda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär

Soňkylar Habar

GitTop